TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMINDE ARASSAÇYLYK TERTIP-DÜZGÜNLERI

1 Iýun 2023
882

Tomus paslynyň ýakymly ýatlamalar bilen ýatda galmagy üçin biziň her birimiz sagdyn durmuş ýörelgele- rini berjaý etmelidiris.

Tomus paslynda howanyň gyzmagy bilen biziň durmuşymyzda birnäçe ajaýyp üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu pasylda köpler ýylyň dowamynda zähmet çekip, garaşylan dynç alyş möwsümine taýýarlyk görýär. Çagalar dynç alyş merkezlerinde, uly adamlar bolsa şypahanalarda we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde guralýan çäreler çagalaryň möwsümleýin ýokanç keseller- den, iýmit zäherlenmelerinden, Gün urmadan goragly bolmaklaryny üpjün edýär. Uly adamlar öz maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, saglyk ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanmak arkaly, ýurdumyz- da hereket edýän şypahanalarda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyk la ry ny ber kid ýär ler. Ýur du my zyň Süýt we süýt önümleri sowadyjylarda saklanyp, süýt kabul edilmänkä gaýnadylmaly. Tomus paslynda aýna we demir gaplara gaplanan tagamlardan saklanmaly. Iýmit önümleriniň içinde ter miweleriň, gök önümleriň we gök önümlerden taýýarlanan tagamlaryň, ter we kakadylan miwelerden gaýnatmalaryň, melhem çaýlaryň bolmagy hökmanydyr. Ýiti Gün şöhlesinden goranmaly we deňziň kenarynda irden 6:00dan 9:00a çenli, agşam 18:00dan 21:00a çenli gezelenç etmeli. Biziň milli tagamlarymyz, ýerli miwedir gökönümlerimiz iýmit siňdiriş ulgamymyz üçin has ýokumly, ýaramly we zyýansyz. Tomus paslynda öz topragymyzyň miwelerinden we gök önümlerimizden iýmitlenip, milli tagamlarymyzy kabul etseňiz, arassaçylyk tertip düzgünlerini berjaý edip, çar künjünde ýerleşýän Ýyly suw, Arçman, Berzeňňi, Farap, Baýra- maly, Mollagara we Daşoguz şypahanalarynyň bejeriji suwlarynyň, arassa howasynyň, her bir şypahananyň aýratynlyklaryna görä bejeriji usullarynyň täsirlerinden peýdalanýarlar. Tomus paslynyň ýakymly ýatlamalar bilen ýatda galmagy üçin biziň her birimiz sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmelidiris. Munuň üçin tomus paslynda arassa agyz suwuny 1,52 litr mukdarda kabul etmeli, gök önümleri we miweleri suwuň aşagynda gowy edip ýuwup, sowadyjylarda saklamaly, işdäaçarlary gök önümlerden taýýarlap, tomus paslynda olara maýoneziň ýada gaýmagyň deregine ösümlik ýagy goşulmaly. Ýagly, duzly, agyr siňýän tagamlardan saklanyp, günüň dowamynda bir saparlyk bolmaly ölçegdäki tagamlary taýýarlamaly.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.