5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

31 Maý 2023
634

Daşky gurşawyň sazlaşygy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi sagdynlaşdyrmak we ýaş nesli tebigata söýgi, hormat ruhunda terbiýelemek, jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy martynda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Häzirki döwürde ak mermerli paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Arkadag şäherinde halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda ýaýbaňlandyrylan asylly işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.