Asylly ýörelge — dünýä görelde

31 Maý 2023
934

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Garaşsyz döwletimizde hem bellenilýär. Gurama häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň has utgaşykly işlemäge bolan maksatlaryny özünde jemleýär.

Daşky gurşawy goramak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ekologiýany goramak Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasynda hem esasy üç ugruň biri hökmünde öňe sürülýär. Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny birleşdirýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.