«Ýokarda Ülker telpegni silker»

31 Maý 2023
972

Irki döwürlerden bäri Gün, Aý we ýyldyzlar wagty hem-de ugry kesgitlemek üçin giňden peýdalanylypdyr. Uzak taryhyň dowamynda ata-babalarymyz takyk Aý we ýyldyz hasabyny düzüpdirler. Gadymy ýazgylardan mälim bolşy ýaly, her gezek ýyldyz doganda, howa üýtgemek bilen bolýar. Aýyň, Günüň hem-de ýyldyzlaryň dogup-ýaşýan wagtlaryny dogry kesgitlän pederlerimiz: «Aý agyllasa — ýel, Gün gulaklasa — ýagyş», «Aý agyllasa, aýda ýagar, Gün gulaklasa, günde ýagar» diýen nakyllary döredipdirler. Ata-babalarymyz irki döwürlerde hem asman jisimlerine gözegçilik edip, öz sene hasaplaryny ýöredipdirler.

Pederlerimiziň döreden «Sekiz topbak, ýedi ýaýran, iki ýyndam, bir bek» diýen tapmaçasynyň jogabynda her söz bir manyny aňladýar. Sekiz topbak ― Ülker, ýedi ýaýran ― Ýedigen, iki ýyndam ― Aý bilen Gün, bir bek bolsa, Demirgazyk ýyldyzydyr. Türkmen halkynyň Gün, Aý we ýyldyzlar bilen bagly senenamasyna çarwa hasaby hem diýilýär.

Bazargül EMINOWA,
Türkmenabat şäheri, mugallym.