Tebigat — gözümiziň göreji

30 Maý 2023
765

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli çärelere giň gerim berilýär. Şol baýramçylyk günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň kepilidir» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek, «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigini jemlemek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ylmy-taslama bäsleşiginiň 1-nji tapgyryna jemi 123 adam, şol sanda Türkmenistandan 93 adam, daşary ýurtlardan 30 adam gatnaşdy.

Myratberdi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.