Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň ösüşinde sanly ulgamyň we kompýuter tehnologiýasynyň döwrebap mümkinçilikleriniň aýratyn orny bardyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär, bu ugurda beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň batly gadamlary bilen öňe barýar. Şeýle möhüm işlerde ynsanyň kämil bilimi, hünärmenleriň ylmy garaýyşlary wajypdyr. Şonuň üçin hem ylym-bilim ösdürilýär, kämil hünärmenler taýýarlanylýar.

Usuly-amaly maslahat guramaçylykly geçirildi

Aşgabat şäherindäki 183-nji çagalar bakja-bagynda iki günlük usuly-amaly maslahat ýokary guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen usuly-amaly maslahata Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri we tejribeli terbiýeçileri gatnaşdylar. «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» diýen at bilen geçirilen maslahatda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy B.Annaýewiň çykyşy diňlenildi. Soňra Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji M.Pirliýewa «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» diýen tema boýunça çykyş etdi. Usuly-amaly maslahatda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri O.Matalowanyň «Çagalar bakja-baglarynyň bakja toparlarynyň terbiýeçileriniň hünärini kämilleşdirmekde usuly sagatlaryň, usuly okuwlaryň ähmiýeti we bu ugurda halypa-şägirt gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň, öňdebaryjy iş tejribäni öwretmegiň we ýaýratmagyň ýollary» diýen temadaky çykyşy üns bilen diňlenildi.

Nusgawy edebiýaty öwretmek

Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdepde okuwçylara döwrebap bilim bermek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, hünäre ugrukdyrmak, kitaba, zähmete söýgi döretmek ugrunda döwrebap işler alnyp barylýar. Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen mekdebimizde her bir guraýan sapaklarymyzy multimedia tagtasyndan peýdalanyp, okuwçylara görkezmek, ses ýazgylaryny, aýdymlary diňletmek usulynda geçýäris. Bu bolsa geçilýän temalaryň okuwçylaryň ýatlarynda has gowy galmagyna ýardam edýär. Sapagymyzyň başynda okuwçylary ýurdumyzda bolup geçýän täzelikler, syýasy wakalar bilen tanyşdyrýarys. Watanymyzyň ösüş ýolunda ýeten belent sepgitleri bilen habarly bolmagy okuwçylaryň watançylyk duýgularyny ösdürýär. Edebiýat sapagy boýunça geçýän temamyza görä, nakyllary, söz ussady, akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihata, edep-terbiýä ýugrulan şygyrlaryny okuwçylara aýtdyrmak bilen girişýäris.

Okuwçylarda matematika gyzyklanma döretmek

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da belende galýar. Ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamy ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Okuwçylarda matematika dersine bolan höwesi döretmek mugallymlardan ýeňil bolmadyk zähmeti talap edýär. Göräýmäge, çözülişi ýönekeýje ýaly bolup görünýän, emma ýeterlik derejede çylşyrymly meseleler okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Sapakda programmalardan peýdalanyp, okuwçylara tema düşündirilende onuň täsirliligi has ýokarlanýar. Matematika sapaklarynda «GeoGebra», «Desmos», «SageMath», «Matlab» we başga-da birnäçe programmalardan peýdalanmak bolýar.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Taryh sapaklaryny okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek Her bir taryh mugallymy ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olarda watançylygy terbiýelemek işine aýratyn üns berýär. Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, şöhratly taryhymyzy çuňňur öwretmekde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlary we beýleki ajaýyp eserleri gymmatly çeşmelerdir. Orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça degişli temalarda bu eserlerden peýdalanmak okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmesini ösdürmäge, öwrenilýän taryhy maglumatlara düýpli göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ýaş nesli terbiýelemegiň nusgasy

Ýurduň ykbaly ösüp gelýän ýaş nesle baglydyr. Nesil terbiýesi türkmen maşgalasynyň milli ruhy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin her bir ata-ene we maşgala agzalary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegi özüniň borjy, wezipesi hasaplaýar. Türkmen maşgalasy öz perzentlerini ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlaryň, pähim-parasatly ýörelgeleriň esasynda terbiýeleýär. Maşgala edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanýar. Ata-eneler öz durmuş mekdebinden alan terbiýesini, ata-babalarymyzdan miras galan milli häsiýetleri çagalaryň kalbyna guýup, olarda gowy häsiýetleri terbiýelemekde we ösdürmekde görelde görkezmegi başarmalydyrlar. Türkmen halkynyň asylly ýörelgesi, milli mirasy, ruhy baýlyklary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde gadymdan gelýän gymmatlyklarymyza, milli mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar, bu gymmatlyklary ylmy esasda öwrenmekde we wagyz etmekde uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, nusgawy kitaplary egsilmez hazynadyr. Şonuň üçin hem bu günki günde şu ajaýyp kitaplar biziň her birimiziň ýankitabymyza, ýakyn hemramyza öwrüldi. Ylmy gözleglerde hem, okuw işlerimizde hem bu ajaýyp kitaplara ýüzlenip, gymmatly maglumatlary tapýarys. Bu hem ajaýyp kitaplaryň ähmiýetiniň has-da ýokarydygyny aýdyň görkezýär.

Halypa-şägirtlik gatnaşyklary berkeýär

Halypa-şägirtlik ýoly asyrlaryň dowamynda durmuş tejribesini nesilden-nesle geçirmekde möhüm orny eýeleýän wajyp gatnaşyklaryň biri bolup gelýär. Bu ýörelge başarnykly we tejribeli halypalaryň ýaş nesle özünde toplan ylym-bilimini, tejribesini we hünärini geçirmek maksady bilen döredilen berk baglanyşykdyr. Halypa-şägirtlik gatnaşyklary diňe bir hünär öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine-de uly täsir edýär. Halypa tejribesi we bilimi bilen öňe saýlanýan, öz kesbi-käri, abraýy bilen jemgyýetde adygan adam hasaplanýar. Onuň esasy wezipesi öz bilimlerini we başarnyklaryny ýaş nesle geçirmegi, olar bilen paýlaşmagy öz içine alýar. Halypa şägirde diňe bir hünär taýdan ýol görkezmän, eýsem, ahlak, ynam, sabyrlylyk we ünsli bolmak ýaly durmuşyň dürli taraplaryny-da öwredýär. Halypa ýaşlara ýol görkezip, olary durmuşa ugrukdyryp, kynçylyklary nähili ýeňip geçmelidigi barada gymmatly öwüt-nesihatlaryny berýär.

Usuly-amaly maslahat

Şu gün paýtagtymyzdaky 183-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlarynda usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» ady bilen döwlet derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi. Çärä gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy iş tejribeli bilim işgärleriniň iş usullary esasynda taýýarlan okuw-görkezme esbaplaryndan, usuly işlerinden guralan döredijilik sergisini synladylar.

Okuw maslahaty

Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleriniň we bilermenler toparynyň okuw maslahaty geçirildi. Statistika we onuň usulyýeti boýunça geçirilen bu çärä Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi, guramanyň Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem-de agzalan institutyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Okuw maslahaty sebit ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşmagyň meýdançasyna öwrülip, onda degişli ugurda gatnaşyklary ilerletmekde mümkinçilikleriň uludygyna hem üns çekildi. Okuw maslahaty Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara integrasiýanyň işjeň tarapdary hökmünde çykyş etmek bilen, iri halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ylym-bilim merkezleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir.

DÜNÝÄNIŇ IŇ GADYMY ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI

Al-Azhar uniwersiteti. Müsüriň paýtagty Kairde ýerleşýän bu ýokary okuw mekdebi b.e.öň 970-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Şeýle ir döwürde esaslandyrylandygyna garamazdan, uniwersitet statusy diňe 1961-nji ýylda berlipdir. Bu mekdep döredilende dini okuw merkezi bolan hem bolsa, häzirki wagtda döwrebap okuw maksatnamalary esasynda bilim berilýär. Işewürlik, ykdysadyýet, lukmançylyk, oba hojalygy we inženerçilik uniwersitetiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bolon uniwersiteti. Bu ýokary okuw jaýy diňe bir Italiýada däl, eýsem bütin sebitde “Ýewropanyň iň gadymy uniwersiteti” statusyna eýedir. Uniwersitet 1088-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda abraýly orun eýeleýär. Çünki Italiýanyň görnükli syýasatçylarynyň birnäçesi, şeýle hem 3 sany Rim papasy bu uniwersitetiň uçurymlarydyrlar. Uniwersitet jemi segsen müň talyby özünde jemlemek bilen, olaryň otuz müňi ylmy derejelere dalaşgärlerdir.

DIL BILMEK — MÜMKINÇILIKLERIŇ AÇARY

Dile düşünmeseň, köňle düşünmersiň. Halkymyzyň söz gorunda “ýüreginden turmak, sözüň alyşmak” manylarda gelýän “dilini tapmak” diýen jüpüne düşen, gunt ýaly söz düzümi bar. Jaýdar aýdylan söz! Eýsem, dil adamzadyň özara baglanyşygyny, aragatnaşygyny üpjün edýän serişdesi dälmidir?! Dünýäde näçe halk bar bolsa, şonça-da dil bar. Emma käbir diller dünýä dili, ýagny ählumumy ykrar edilen halkara dil hasaplanylyp, resminamalarda, möhüm maglumatlardyr beýanatlarda işjeň ulanylýar. Şolaryň biri hem iňlis dilidir. Dil öwrenmek özge dünýä, özge saýýara aralaşmak, özge medeniýetler, pikir-düşünjeler bilen tanyşmak ýaly täsin duýgulary oýarýar. Daşary ýurt dilini özleşdirdigiçe ynsanyň şahsyýetinde täsin özgeriş duýulýar. Dil öwrenýän ynsanyň dünýägaraýyşy giňelýär, söz baýlygy köpelýär. Bu dünýä aralaşan her bir ynsan ähli mümkinçilikleriň altyn açaryny ele alýar.

Özara tejribe alyşmaga gyzyklanmalar

Golaýda Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Daşkent şäheri) Lýubomir Frebortyň ýolbaşçylygyndaky, Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy. Onuň maksady çeh bilim ojaklarynyň Türkmenistanda guralan ýarmarkasyna gatnaşmakdan we bilim ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmekden ybarat boldy. 4-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilen Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasynyň resmi açylyş dabarasy ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň talyplarynda, uçurymlarynda we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Oňa gatnaşan ýaşlara dostlukly döwletiň uniwersitetleriniň okuw maksatnamalary, daşary ýurtlarda okamagyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga, Çehiýada talyp durmuşynyň aýratynlyklary hakynda sowal-jogap alyşmaga mümkinçilik döredildi.

«Haly dokar, keşde çeker elleri»

Şeýle at bilen öňňin Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige topar bolup gatnaşan zähmet mugallymlary öz el işlerini sergi görnüşinde taýýarladylar. Onda ene-mamalarymyzdan galan gadymy gymmatlyklardan nusga alyp döreden mugallym zenanlaryň on barmagyndan dörän biri-birinden owadan el işleri, türkmen halylary, inçeden sünnäläp edilen keşdeleri, keşde önümleri hem-de alajalaryň görnüşleri bar.

Bilim bilen ganatlanýarys

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynda bilim ulgamyny türkmen milli ýörelgesi esasynda has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Şuňa laýyklykda, her ýyl ýurdumyzda häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr. Ýurdumyzda Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek bilen bagly meseleler ileri tutulýar.

Bilim binalarynyň şuglasy

Bu gün Aşgabat diýleninde, ilkinji nobatda, onuň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi göz öňüňde janlanýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherini ösdürmek we kämilleşdirmek işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Bina edilýän desgalaryň her biriniň gurluşygynda, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alynýar. Saglygy goraýyş, bilim beriş, sport we dynç alyş ýaly ençeme medeni jemgyýetçilik binalary Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzyň çäginde ylym-bilim ulgamynyň binalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň edara binalary ýaşlarymyzyň okap, döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler, döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen. 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde paýtagtymyzda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze, ak mermerli binalar toplumy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ak şäherimiziň ajaýyp keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän şeýle häzirki zaman okuw binalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir ýaş nesillerimiziň däl, eýsem, ähli halkymyzyň ýürek buýsançlaryny goşalandyrýar. Şeýle hem, şol günde T

Röwşen geljegiň eýeleri

Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli ýaşlary Watanyň daýanjyna deňemek bilen, ýurdumyzda ösüp gelýän nesliň geljekde gerekli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk guralmagy, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan bilim we terbiýeçilik edaralarynyň ýaşlaryň ygtyýaryna berilmegi bolsa dünýäniň ösen tejribesinden we täzeçil tehnologiýalardan baş alyp çykýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen yzygiderli duşuşyp, durmuş wesýetlerini we maslahatlaryny bermegi olaryň ruhlaryna ruh goşýar. Biz bu hakykata ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar bilen duşuşmaga döredilen mümkinçiligiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Bu duşuşyk ýurdumyzda halkara bilim syýasatynyň ösmegi bilen birlikde türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde ylym öwrenmeklerine, zerur hünärleri ele almaklaryna, başarnyklaryny artdyrmaklaryna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu ugurdaky mümkinçiliklerden ugur alnyp, biziň bilim ojagymyzda hem dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen onlaýn arkaly ylmy-amaly m

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýaş nesle ilkinji başlangyç bilimi bermekde başlangyç synp mugallymlaryna aýratyn orun degişlidir. Başlangyç synp mugallymlary hem okuwçylaryň bilimli, sowatly bolup kemala gelmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Tawus Nazarowadyr. Tawus mugallym 2009-njy ýylda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol häzirki wagtda şol mekdepde 4-nji synp okuwçylaryna okatmagyň täze hem döwrebap usullaryndan peýdalanyp bilim berýär. 15 ýyla golaý iş hyzmatly mugallym kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Synpyndaky okuwçylarynyň ene-atalary Tawus mugallyma çagalaryna oňat bilim berýändigi üçin öz minnetdarlyklaryny bildirýärler.

Kämil bilimli harby talyplar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek barada ýurdumyzyň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Bu wezipeler türkmen ýaşlaryny döwrebap derejede terbiýeläp ýetişdirmekden, olara dünýä ülňülerine laýyk, sanly ulgamyň, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly bilim bermekden ybaratdyr. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösen ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak bilen, häzirki zaman tehnologiýasyna laýyklykda ýaşlaryň bilimini ösdürmek we kämilleşdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şular dogrusynda gürrüň edilende, ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetinde şu okuw ýylynyň okuw maksatnamasy boýunça geljekki lukman harby talyplara adam saglygy babatda düýpli düşünjeleriň fakultetiň kafedralarynyň mugallymlary tarapyndan has içgin öwredilmegini ýerine düşen iş hökmünde bellemek isleýärin.

Gymmatly baýlyk

«Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýen halkymyz ähli döwürde-de ylymly-bilimli bolmaklyga, hünär öwrenmeklige aýratyn üns beripdir. Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň gadymy şäherlerinde ylym gülläp ösüpdir we olarda ajaýyp kitaphanalar bolupdyr. Gadymy Merw, Köneürgenç şäherleri ylym-bilimiň merkezine öwrülipdir. Belli alymlaryň ýaşap geçen topragy bolan eziz ata Watanymyzda täze taryhy eýýamda işlenip düzülen maksatnamalara laýyklykda, ylym-bilimi ösdürmek, ulgamyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösüşleriň özeni hasaplanýan sanly bilim ulgamyny ösdürmek hem döwrüň möhüm wezipesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, ähli ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanmagyň hatyrasyna bilim alýarlar, dürli hünärleriň eýeleri bolýarlar. Bu gün kämil hünärli, iş başarjaň, giň dünýägaraýyşly nesil kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň ylmy-tehniki gazananlary we innowasion tehnologiýalar ykdysadyýetimizde giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi ileri tutulýan ugurlarda ýokary netijeleri gazanmagyň, belent sepgitlere ýetmegiň möhüm şertidir.

Kämilligiň berk binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylymdyr bilime täzelenişigiň we döredijiligiň çeşmesi hökmünde ýokary baha berýär. Şonuň üçinem milli bilim we ylym ulgamlarynyň işini hil taýdan halkara ülňülere laýyk getirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Şeýlelikde, bilim özgertmeleri döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet derejesinde edilýän yzygiderli aladalaryň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda we pugtalandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Netijede, çagalarymyz iň kämil okuw enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklarynyň eýeleri boldular. Olarda nurana ykbally ýaşlarymyz halkara ölçeglere laýyk bilim, milli ruhumyza laýyk terbiýe alýarlar. Soňra bolsa arzuwlan hünärlerini ele almak üçin ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirýärler. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesillerimiz bilen bilelikde, bilim işgärleriniň hem kalbynda hormatly Prezidentimize bolan buýsanç hem-de hoşallyk duýgularyny joşdurýar. Watanymyzyň abraýyny halkara derejede has-da ýokary götermek, ylymly, bilimli, hünärli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek işinde mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekmäge, ähli tejribämizi, ukyp-başarnygymyzy orta goýmaga ruhlandyrýar.