Kämilligiň berk binýady

6 Noýabr 2024
247

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylymdyr bilime täzelenişigiň we döredijiligiň çeşmesi hökmünde ýokary baha berýär. Şonuň üçinem milli bilim we ylym ulgamlarynyň işini hil taýdan halkara ülňülere laýyk getirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Şeýlelikde, bilim özgertmeleri döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet derejesinde edilýän yzygiderli aladalaryň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda we pugtalandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Netijede, çagalarymyz iň kämil okuw enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklarynyň eýeleri boldular. Olarda nurana ykbally ýaşlarymyz halkara ölçeglere laýyk bilim, milli ruhumyza laýyk terbiýe alýarlar. Soňra bolsa arzuwlan hünärlerini ele almak üçin ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirýärler.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesillerimiz bilen bilelikde, bilim işgärleriniň hem kalbynda hormatly Prezidentimize bolan buýsanç hem-de hoşallyk duýgularyny joşdurýar. Watanymyzyň abraýyny halkara derejede has-da ýokary götermek, ylymly, bilimli, hünärli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek işinde mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekmäge, ähli tejribämizi, ukyp-başarnygymyzy orta goýmaga ruhlandyrýar.

Alma TOGALAKOWA,
Bereket etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar