Ýaş nesle ilkinji başlangyç bilimi bermekde başlangyç synp mugallymlaryna aýratyn orun degişlidir. Başlangyç synp mugallymlary hem okuwçylaryň bilimli, sowatly bolup kemala gelmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Tawus Nazarowadyr.
Tawus mugallym 2009-njy ýylda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol häzirki wagtda şol mekdepde 4-nji synp okuwçylaryna okatmagyň täze hem döwrebap usullaryndan peýdalanyp bilim berýär. 15 ýyla golaý iş hyzmatly mugallym kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Synpyndaky okuwçylarynyň ene-atalary Tawus mugallyma çagalaryna oňat bilim berýändigi üçin öz minnetdarlyklaryny bildirýärler.