Halypa-şägirtlik gatnaşyklary berkeýär

10 Noýabr 2024
396

Halypa-şägirtlik ýoly asyrlaryň dowamynda durmuş tejribesini nesilden-nesle geçirmekde möhüm orny eýeleýän wajyp gatnaşyklaryň biri bolup gelýär. Bu ýörelge başarnykly we tejribeli halypalaryň ýaş nesle özünde toplan ylym-bilimini, tejribesini we hünärini geçirmek maksady bilen döredilen berk baglanyşykdyr. Halypa-şägirtlik gatnaşyklary diňe bir hünär öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine-de uly täsir edýär.

Halypa tejribesi we bilimi bilen öňe saýlanýan, öz kesbi-käri, abraýy bilen jemgyýetde adygan adam hasaplanýar. Onuň esasy wezipesi öz bilimlerini we başarnyklaryny ýaş nesle geçirmegi, olar bilen paýlaşmagy öz içine alýar. Halypa şägirde diňe bir hünär taýdan ýol görkezmän, eýsem, ahlak, ynam, sabyrlylyk we ünsli bolmak ýaly durmuşyň dürli taraplaryny-da öwredýär. Halypa ýaşlara ýol görkezip, olary durmuşa ugrukdyryp, kynçylyklary nähili ýeňip geçmelidigi barada gymmatly öwüt-nesihatlaryny berýär.

Nobaraly NOBARALYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar