Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek barada ýurdumyzyň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Bu wezipeler türkmen ýaşlaryny döwrebap derejede terbiýeläp ýetişdirmekden, olara dünýä ülňülerine laýyk, sanly ulgamyň, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly bilim bermekden ybaratdyr. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösen ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak bilen, häzirki zaman tehnologiýasyna laýyklykda ýaşlaryň bilimini ösdürmek we kämilleşdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Şular dogrusynda gürrüň edilende, ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetinde şu okuw ýylynyň okuw maksatnamasy boýunça geljekki lukman harby talyplara adam saglygy babatda düýpli düşünjeleriň fakultetiň kafedralarynyň mugallymlary tarapyndan has içgin öwredilmegini ýerine düşen iş hökmünde bellemek isleýärin.