Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleriniň we bilermenler toparynyň okuw maslahaty geçirildi. Statistika we onuň usulyýeti boýunça geçirilen bu çärä Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi, guramanyň Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem-de agzalan institutyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Okuw maslahaty sebit ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşmagyň meýdançasyna öwrülip, onda degişli ugurda gatnaşyklary ilerletmekde mümkinçilikleriň uludygyna hem üns çekildi. Okuw maslahaty Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara integrasiýanyň işjeň tarapdary hökmünde çykyş etmek bilen, iri halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ylym-bilim merkezleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir.