Bilim binalarynyň şuglasy

6 Noýabr 2024
302

Bu gün Aşgabat diýleninde, ilkinji nobatda, onuň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi göz öňüňde janlanýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherini ösdürmek we kämilleşdirmek işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Bina edilýän desgalaryň her biriniň gurluşygynda, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alynýar. Saglygy goraýyş, bilim beriş, sport we dynç alyş ýaly ençeme medeni jemgyýetçilik binalary Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Paýtagtymyzyň çäginde ylym-bilim ulgamynyň binalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň edara binalary ýaşlarymyzyň okap, döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler, döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen. 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde paýtagtymyzda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze, ak mermerli binalar toplumy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ak şäherimiziň ajaýyp keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän şeýle häzirki zaman okuw binalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir ýaş nesillerimiziň däl, eýsem, ähli halkymyzyň ýürek buýsançlaryny goşalandyrýar. Şeýle hem, şol günde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyp ulanylmaga berilmegi dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýaşlaryň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan netijeli işleriň halkara derejesine eýediginiň hem aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gülälek KESÄÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 142-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar