Al-Azhar uniwersiteti. Müsüriň paýtagty Kairde ýerleşýän bu ýokary okuw mekdebi b.e.öň 970-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Şeýle ir döwürde esaslandyrylandygyna garamazdan, uniwersitet statusy diňe 1961-nji ýylda berlipdir. Bu mekdep döredilende dini okuw merkezi bolan hem bolsa, häzirki wagtda döwrebap okuw maksatnamalary esasynda bilim berilýär. Işewürlik, ykdysadyýet, lukmançylyk, oba hojalygy we inženerçilik uniwersitetiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Bolon uniwersiteti. Bu ýokary okuw jaýy diňe bir Italiýada däl, eýsem bütin sebitde “Ýewropanyň iň gadymy uniwersiteti” statusyna eýedir. Uniwersitet 1088-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda abraýly orun eýeleýär. Çünki Italiýanyň görnükli syýasatçylarynyň birnäçesi, şeýle hem 3 sany Rim papasy bu uniwersitetiň uçurymlarydyrlar. Uniwersitet jemi segsen müň talyby özünde jemlemek bilen, olaryň otuz müňi ylmy derejelere dalaşgärlerdir.