Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlygy

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Murgap etrap ÝHB-niň DÝGB-niň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory Kakaly KELOW bilen duşuşyp, bilim-terbiýe edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Mekdeplerde we çagalar baglarynyň jaýynyň golaýyna barylýan ýollaryň, geçelgeleriň, ýangyna garşy peýdalanmak üçin niýetlenen suw çeşmeleriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilip durulmalydyr. Ähli howuzlar wagtly-wagtynda suwdan doldurylyp durulmalydyr. Jaýlaryň ätiýaçlyk çykalgalary elmydama açyk ýagdaýda saklanylmalydyr. Olarda ýangyn söndüriji tehnikalar päsgelçiliksiz barar ýaly boşluklar bolmalydyr. Mekdep jaýlarynda himiýa barlaghanalary, fizika otaglary, okuw usulhanalary ýangyn howpuny döredýän esasy ýerlerdir. Adatça, ol ýerlerde ýanyjy materiallar, maddalar, ýeňil ot alýan suwuklyklar, gaz we spirt bilen ýakylýan çyralar, elektrik gurallary hem-de beýlekiler peýdalanylýar. Şonuň üçin tejribe geçirilip gutarylandan soň seljerişhanadaky we ussahanalardaky iş stollary tertibe salynmalydyr hem-de jaýyň içi süpürilip ýygnalmalydyr.

Ýadygärlikler toplumyna syýahat edildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan syýahata Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleriniň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Syýahatyň barşynda ýadygärlik toplumyna aýlanyp görüldi. Olara ýadygärligiň gurluş aýratynlyklary we oňa degişli toplanan ylmy maglumatlar barada gürrüň berildi. Geçmişde “Gözellik öýi” diýen at bilen meşhurlyk gazanan ýadygärlikler toplumynyň baý taryhynyň bardygy, onuň binagärlik sungatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýändigi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Halkymyza gymmatly sowgat

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli bolan baý many-mazmunly kitaplar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin gymmatly hazyna bolup, ulus-ilimiziň ýankitabyna öwrüldi. Şol ajaýyp eserleriň üstüniň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby bilen ýetirilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda ata-babalarymyzyň şan-şöhratly geçmişiniň, baý medeni mirasynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýolunyň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň giňden beýan edilmegi ählimizde uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hasaplanýan taryhy­medeni ýadygärlikler baradaky pikirlerini halkymyz bilen paýlaşmagy bolsa her birimizi begendirýär hem-de buýsandyrýar.

At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi hem-de welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!» atly dabaraly maslahat geçirdik. Onda çykyş edenler: «Bitaraplyk bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açdy. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we hormat goýmak ýaly ýörelgeleriň döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýändiginiň we ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem asudalygyna, bagtyýarlygyna we rowaçlygyna gönükdirilýär» diýip bellediler. Dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Şu gün — 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Giň gerimli foruma doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragy gatnaşýar. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem köp sanly işewürler, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.

Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri

Hajy Bekdaş Weli XIII asyrda ýaşap geçen beýik pelsepeçi, alym hem akyldardyr. Magtymguly Pyragynyň ruhy halypalarynyň biri bolan bu beýik adamyň ynsançylyk, ynsanperwerlik taglymlarynda ylmy taýdan örän çuňluklara ýetendigi bellidir. Muňa onuň çuň pelsepelere ýugrulan öwüt-nesihatlaryny okap çykanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Ynjasaň-da, ynjytma.*  *  *Hiç bir milleti we ynsany aýyplamaň.*  *  *Her näme gözleseň, özüňden gözle.*  *  *Keramat başdadyr, ol täçde däldir.*  *  *Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme.*  *  *Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol.*  *  *Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir, ylym ähliniň ilkinji basgançagy edepdir .*  *  *Özüňe agyr geleni özgä ýükleme.*  *  *Asyllynyň aslyny söýmesi geň zat däldir.*  *  *Iman bir hazynadyr.*  *  *Köňül beýik bir şäherdir.*  *  *Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman bardyr: birinjisi nebsewürlikdir, ikinjisi ulumsylyk we egrilikdir, üçünjisi ýalançylyk we hilegärlikdir.*  *  *Döwlet edep, akyl we gözel ahlakdyr.*  *  *Ýerde agajy dik tutýan kökdür.*  *  *Öz aýyplaryny gören kişi hiç kimiň aýybyny dile getirmeli däldir.*  *  *Döwletli kişi janyny gafl

Arkadag şäheri – bagtly geljegiň mekany

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde gözel künjekde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ençemesini özünde jemleýän bu şäheriň birinji tapgyrynyň gysga wagtyň içinde gurulmagynyň özi haýran galdyryjy wakadyr, şol bir wagtda-da buýsandyryjy we guwandyryjy hakykatdyr. Bu “akylly” şäher Konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň ýaş türkmen gurluşykçylary we hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalarda ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýaşaýjylar üçin iň amatly, rahat we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy kommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň peýdalanylandygyny göz öňünde tutsak, onda munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzda zehinli, giň gözýetimli, sowatly we ukyply türkmenistanlylaryň täze ýaş nesliniň dörändiginden habar berýär. Bu nesil döwür bilen aýakdaş gitmäge, ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirmäge, ykdysady pudaklary ýokary tehnologiýalar bilen dolandyrmaga ukyply nesildir. Munuň özi döwrüň talabydyr, kuwwatly döwlet bolmagyň,

Jöwher paýhasyň «hakyda göwheri»

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde medeniýet we sungat işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen «Arkadagly Serdarymyz», «Ýaşa, Arkadagym!», «Arkadagym, Arkadagly Serdarym» ýaly aýdymlar oňa gatnaşyjylaryň ruhuny has-da galkyndyrdy. Biz dabarada çykyş edenleriň täze kitabyň many-mazmuny hem-de ähmiýeti barada buýsançly sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Bagtyýarlyk şuglasy

Bagtyýarlygyň mekany bolan eziz Diýarymyz gözümiziň alnynda özgerýär, Watanymyzyň nowjuwan keşbi kalbymyzy joşa getirip, ruhumyzy belende göterýär. Ýurdumyzda her bir senäniň uludan toý edilmegi, utgaşykly gelýän ýyllaryň ýagşy arzuwlar bilen dabaraly garşylanmagy bolsa, bagtyýarlykdan nyşan bolup, ýürekleri heýjana getirýär. Hormatly Prezidentimiziň 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly bezeg işlerini geçirmek, täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen bagly gürrüňe ünsüň çekilmegi ýurdumyzda täze — 2025-nji ýylyň şowhunly garşylanjakdygynyň güwäsidir. Hökümetiň mejlisinde bellenip geçilişi ýaly, 15-nji dekabrda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy geçiriler. «Ylham» seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Arkadag şäherindäki «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançalarda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň Ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri geçiriler.

Şöhratly taryhyň beýany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanmagyna sanaýmaly günler galdy. Taryhy wakalara, şanly senelere beslenen bu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz agzybir halkymyza ýene bir gymmatly, çuňňur pelsepä ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze eserini peşgeş etdi. Bu gymmatly eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza ýetirilmeginde uly many-mazmun bar. Düýn gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet-sungat, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen maglumatlara baýdygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Bulardan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze eserinde türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhy ösüşine uly goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikirdir garaýyşlaryň giňişleýin beýan edilendigini buýsanç bilen nygtap geçdiler.

Köpdür ajap däbimiz, olar ruhy känimiz

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen topragynda dörän iň gadymy toý-baýramlaryň döreýiş gözbaşy bol hasyly üçin ene topraga tagzym etmek bilen bagly däp-dessurlardan başlanýar diýsek, ýalňyşmarys. Türkmen üçin toprak mukaddes, ene ýerden önýän datly miweler gudrat-keramat» diýip belleýär. Biz hem mukaddes topragymyza hyzmat etmegiň nusgalyk göreldesini görkezip, daýhançylygyň asylly ýörelgelerini döwrebap dowam etdirip, «Malym — janym» diýip, ömrüni mal yzynda ötüren maldar ata-babalarymyzyň ruhuna tagzym etmek bilen, olaryň uzak taryhy döwrüň dowamynda döreden ekerançylyk we maldarçylyk däpleri barada söhbet etmegi makul bildik. Ilkinji nobatda, gadymy däp-dessurlar bilen baglanyşykly maglumatlaryň paýhas çeşmesi bolan nakyllarda, atalar sözünde öz beýanyny tapandygyny, «Oguznama», «Görogly» şadessanlarymyzda bardygyny bellemek gerek. Bu günki bagtyýar ildeşlerimiziň ata-babalarymyzdan miras galan ekerançylyk we maldarçylyk däp-dessurlarynyň, halkymyzyň gadymy döwürlerdäki durmuşy bilen tanyşmakda, zähmet ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagyny gazanmakda, ýaş nesillerde oba hojalyk işgärleriniň hünärlerine bolan höwesini artdyrmakda ähmiýeti uludyr. Şeýle hem ekerançylyk we maldarçylyk däpleri halkymyzyň neslegeçijilik ýörelgesiniň ozal hem, häzirki wagtda-da rowaçlygyndan habar berýär. Ýurdumyzda, sebitlerimizde, şol sanda her etrapda, obada ata-

Ýakymly duýgulary döretdi

Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň Berkarar şäherçesindäki şahamçasynda okyjylaryň gatnaşmagynda baý mazmunly çäreler yzygiderli guralýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan nobatdaky duşuşyk has-da täsirli boldy. Duşuşyk hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerini öz içine alýan kitap sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Kitaphana işgärleri serginiň aýratynlygy, ondaky gymmatly kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti hakda ýaş okyjylara gürrüň berdiler. Sergiden göwni galkynan ýaşlar ajaýyp kitaplaryny ulus-ilimize sowgat edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Zehinli suratkeş

Ogulsenem Orazmämmedowa Tejen etrabyndaky 38-nji orta mekdepde göreldeli okaýan okuwçylaryň hatarynda tanalýar. Ol okuwdan daşary etrapdaky çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar we bu ýerde surat çekmegiň inçe tärlerini öwrenýär. Kiçiliginden onda surat çekmäge bolan höwesiň bardygyny duýan ejesi bu ugurda gyzynyň kämilleşmegi üçin ýakyndan goldaw berýär. Ogulsenem höwesi, yhlasy we tutanýerliligi bilen surat çekmekde uly üstünlikler gazanýar. Oňa mekdebiň mugallymy Gaýly Hojahanow halypalyk edýär. Sungatyň dünýäsine içgin aralaşan ýaşajyk suratkeş diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerine hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Ogulsenem TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkiýe döwletinde geçirilen halkara surat bäsleşiginde 1-nji orna, geçen ýyl Amyderýanyň güni mynasybetli geçirilen surat çekmek boýunça halkara bäsleşikde bolsa, 2-nji orna eýe bolýar. Yzly-yzyna gazanylan bu üstünlikler Ogulsenemiň surat çekmäge bolan höwesini has-da artdyrýar. Ol häzir Astrahanda ýaş suratkeşleriň arasynda geçiriljek bäsleşige taýýarlanýar.

Zeýtun – parahatçylygyň nyşany

Zeýtun agajy gadymy döwürlerden bäri agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany hasaplanýar. Bu ynanç dünýäniň köp halklaryna ýaýrandyr. Gadymy Rimde patyşalar halk köpçüligi bilen duşuşmakçy bolanlarynda kellelerine täç hökmünde zeýtun baldagyny dakypdyrlar. Gadymy Rimde öýkeleşen dostlar ýaraşmak islänlerinde biri-birine zeýtun baldagyny ugradypdyrlar. Eliňe zeýtun baldagyny alyp barmak parahatçylyk, ynsanperwerlik maksady bilen barýandygyňy alamatlandyrypdyr. Dünýä halklarynyň köpüsinde zeýtun agajy bilen bagly yrymlar, adatlar başga-da az däl. Bu yrym, ynançlar diňe bir zeýtun agajynyň baldagy, ýapragy bilen bagly bolman, eýsem, zeýtun ýagy bilen bagly ynançlarda hem duşýar. «Zeýtun ýagy diňe bir ýaralary bitirmän, eline çalan adamyň kalbyny hem ýumşadýar» diýlip ynanylypdyr.

Merdana nesil — 2024

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan okuwçy oglanlar gatnaşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3—5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyry ýokary derejede geçip, onda ruhubelent çagalar zehin-başarnygyny görkezdiler. Bäsdeş oglanlar özleriniň şadyýan çykyşlary bilen giň zaly dolduryp oturan deň-duşlaryna uly şatlyk paýladylar. Olaryň joşgunly aýdym-sazlary güneşli Diýarymyzyň, beýik döwrümiziň, bagtyýar çagalygyň waspy bolup, kalplary joşa getirdi.

Ýolda ýoldaş bolanym (bolan waka)

Käte-käte elime galam alyp, ýüregimiň jümmüşinde gatbar-gatbar bolup ýatan oý-pikirlerimi, aýdyp bolýan-u-bolmaýan syrlarymy ýumak kimin çözläp, kagyza geçiresim gelýär. Ak kagyza ýüregimi döksem ýagyş-ýagmyrlardan soň asmanyň açylyşy ýaly göwnüm açylyp, keýpimiň çaglanjagyny kalbym syzýan ýaly. Aslynda galama erk edip bilmek, ýürekde bar ahwaly galamda beýan edäýmek her kime başardyp duranok. Ýöne şeýle-de bolsa, şu gün kalbymda bar bolan pikir-oýlarymy ýazmaga çalyşdym. Muňa bolsa iki ýyl mundan ozal ýolda ýoldaş bolan bir ýolagçy ýigidim sebäp boldy. Şol gün men dogan-garyndaşlarymy görmek üçin oba barýardym. Bäri-bärde-de Mary barmy näme?! Ýaňy bir Änewe ýetenimden ýekesiräp ugradym. Şeýlelik bilen hem ýol ugrunda duran ýolagçy ýigidi ýoldaş edindim. Men oňa uzak ýola kimdir biri bilen gürrüňleşip gitseň tiz ýetýän ýaly bolýandygymy aýtdym. Ol bolsa ahmyr bilen ýoldaş diýilýän zadyň ýolda-da, öýde-de, durmuşda-da zerurdygyny belledi. Onuň ady Kemal eken, onuň bilen sözümiz alyşdy-da gidiberdi.

Parahatçylygyň we bagtyýarlygyň mukamy

Ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň naýbaşysy hasaplanýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmagyň, döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmegiň, çagalaryň ata Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmegiň ähmiýeti uludyr. Şeýle asylly işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bilim ulgamynda giňden rowaçlyklara beslenýär. Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» diýen at bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň ähli künjeginden mekdep okuwçylary gatnaşdy. Bäsleşik üç ugur boýunça, ýagny düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça alnyp baryldy. Bäsleşik ýörite tassyklanan düzgünnamanyň talaplaryna görä, ilki mekdep, soňra etrap-şäher hem-de welaýat derejelerinde geçirildi. Bu tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan

Tanyşdyrylyş dabarasy

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa döredijilik, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Maslahat ― tejribe meýdançasy

Welaýat çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde etrap-şäherlerde ýerleşýän şeýle maksatly edaralaryň usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda «Çagalarda zähmete söýgi döretmegiň we hünärlere ugrukdyrmagyň pedagogik esaslary» atly iki günlük usuly-amaly maslahat geçirildi. Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan geçirilen maslahatyň barşynda öňdebaryjy gurnak ýolbaşçylarynyň çykyşlary dişlenildi we olar tarapyndan guralan sergä tomaşa edildi. Soňra bu merkeziň göreldeli işgärleri myhmanlaryň gatnaşmaklarynda göreldeli açyk sapagyny berdiler. Sapak tamamlanandan soň, ol barada pikir alyşmalar geçirildi.

Halkara Bitaraplyk gününe

Dost-doganlyk baýramy Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýakynda welaýat kitaphanasynyň guramagynda kitaphananyň syýasy okalga otagynda «Bitaraplyk — dost-doganlyk baýramy» ady bilen geçirilen söhbetdeşlik duşuşygy hem Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyldy. Oňa kitaphanamyzyň hünärmenleri we okyjylary gatnaşdylar.