Parahatçylygyň we bagtyýarlygyň mukamy

3 Dekabr 2024
276

Ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň naýbaşysy hasaplanýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmagyň, döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmegiň, çagalaryň ata Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmegiň ähmiýeti uludyr. Şeýle asylly işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bilim ulgamynda giňden rowaçlyklara beslenýär.

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» diýen at bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň ähli künjeginden mekdep okuwçylary gatnaşdy. Bäsleşik üç ugur boýunça, ýagny düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça alnyp baryldy. Bäsleşik ýörite tassyklanan düzgünnamanyň talaplaryna görä, ilki mekdep, soňra etrap-şäher hem-de welaýat derejelerinde geçirildi. Bu tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanyp alyndy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar