Köpdür ajap däbimiz, olar ruhy känimiz

3 Dekabr 2024
217

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen topragynda dörän iň gadymy toý-baýramlaryň döreýiş gözbaşy bol hasyly üçin ene topraga tagzym etmek bilen bagly däp-dessurlardan başlanýar diýsek, ýalňyşmarys. Türkmen üçin toprak mukaddes, ene ýerden önýän datly miweler gudrat-keramat» diýip belleýär. Biz hem mukaddes topragymyza hyzmat etmegiň nusgalyk göreldesini görkezip, daýhançylygyň asylly ýörelgelerini döwrebap dowam etdirip, «Malym — janym» diýip, ömrüni mal yzynda ötüren maldar ata-babalarymyzyň ruhuna tagzym etmek bilen, olaryň uzak taryhy döwrüň dowamynda döreden ekerançylyk we maldarçylyk däpleri barada söhbet etmegi makul bildik.

Ilkinji nobatda, gadymy däp-dessurlar bilen baglanyşykly maglumatlaryň paýhas çeşmesi bolan nakyllarda, atalar sözünde öz beýanyny tapandygyny, «Oguznama», «Görogly» şadessanlarymyzda bardygyny bellemek gerek. Bu günki bagtyýar ildeşlerimiziň ata-babalarymyzdan miras galan ekerançylyk we maldarçylyk däp-dessurlarynyň, halkymyzyň gadymy döwürlerdäki durmuşy bilen tanyşmakda, zähmet ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagyny gazanmakda, ýaş nesillerde oba hojalyk işgärleriniň hünärlerine bolan höwesini artdyrmakda ähmiýeti uludyr. Şeýle hem ekerançylyk we maldarçylyk däpleri halkymyzyň neslegeçijilik ýörelgesiniň ozal hem, häzirki wagtda-da rowaçlygyndan habar berýär. Ýurdumyzda, sebitlerimizde, şol sanda her etrapda, obada ata-baba gelýän daýhançylyk, maldarçylyk kesbini ýöredip, kesbinden kemal tapan adamlaryň, maşgalalaryň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar