«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanmagyna sanaýmaly günler galdy. Taryhy wakalara, şanly senelere beslenen bu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz agzybir halkymyza ýene bir gymmatly, çuňňur pelsepä ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze eserini peşgeş etdi. Bu gymmatly eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza ýetirilmeginde uly many-mazmun bar.
Düýn gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet-sungat, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen maglumatlara baýdygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Bulardan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze eserinde türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhy ösüşine uly goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikirdir garaýyşlaryň giňişleýin beýan edilendigini buýsanç bilen nygtap geçdiler.