Ýolda ýoldaş bolanym (bolan waka)

3 Dekabr 2024
187

Käte-käte elime galam alyp, ýüregimiň jümmüşinde gatbar-gatbar bolup ýatan oý-pikirlerimi, aýdyp bolýan-u-bolmaýan syrlarymy ýumak kimin çözläp, kagyza geçiresim gelýär. Ak kagyza ýüregimi döksem ýagyş-ýagmyrlardan soň asmanyň açylyşy ýaly göwnüm açylyp, keýpimiň çaglanjagyny kalbym syzýan ýaly. Aslynda galama erk edip bilmek, ýürekde bar ahwaly galamda beýan edäýmek her kime başardyp duranok. Ýöne şeýle-de bolsa, şu gün kalbymda bar bolan pikir-oýlarymy ýazmaga çalyşdym. Muňa bolsa iki ýyl mundan ozal ýolda ýoldaş bolan bir ýolagçy ýigidim sebäp boldy.

Şol gün men dogan-garyndaşlarymy görmek üçin oba barýardym. Bäri-bärde-de Mary barmy näme?! Ýaňy bir Änewe ýetenimden ýekesiräp ugradym. Şeýlelik bilen hem ýol ugrunda duran ýolagçy ýigidi ýoldaş edindim. Men oňa uzak ýola kimdir biri bilen gürrüňleşip gitseň tiz ýetýän ýaly bolýandygymy aýtdym. Ol bolsa ahmyr bilen ýoldaş diýilýän zadyň ýolda-da, öýde-de, durmuşda-da zerurdygyny belledi. Onuň ady Kemal eken, onuň bilen sözümiz alyşdy-da gidiberdi.

Muhammet ANNAÝEW,
Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar