At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!

4 Dekabr 2024
201

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi hem-de welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!» atly dabaraly maslahat geçirdik. Onda çykyş edenler: «Bitaraplyk bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açdy. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we hormat goýmak ýaly ýörelgeleriň döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýändiginiň we ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem asudalygyna, bagtyýarlygyna we rowaçlygyna gönükdirilýär» diýip bellediler. Dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar