Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri

4 Dekabr 2024
163

Hajy Bekdaş Weli XIII asyrda ýaşap geçen beýik pelsepeçi, alym hem akyldardyr. Magtymguly Pyragynyň ruhy halypalarynyň biri bolan bu beýik adamyň ynsançylyk, ynsanperwerlik taglymlarynda ylmy taýdan örän çuňluklara ýetendigi bellidir. Muňa onuň çuň pelsepelere ýugrulan öwüt-nesihatlaryny okap çykanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň.

Ynjasaň-da, ynjytma.
*  *  *
Hiç bir milleti we ynsany aýyplamaň.
*  *  *
Her näme gözleseň, özüňden gözle.
*  *  *
Keramat başdadyr, ol täçde däldir.
*  *  *
Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme.
*  *  *
Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol.
*  *  *
Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir, ylym ähliniň ilkinji basgançagy edepdir .
*  *  *
Özüňe agyr geleni özgä ýükleme.
*  *  *
Asyllynyň aslyny söýmesi geň zat däldir.
*  *  *
Iman bir hazynadyr.
*  *  *
Köňül beýik bir şäherdir.
*  *  *
Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman bardyr: birinjisi nebsewürlikdir, ikinjisi ulumsylyk we egrilikdir, üçünjisi ýalançylyk we hilegärlikdir.
*  *  *
Döwlet edep, akyl we gözel ahlakdyr.
*  *  *
Ýerde agajy dik tutýan kökdür.
*  *  *
Öz aýyplaryny gören kişi hiç kimiň aýybyny dile getirmeli däldir.
*  *  *
Döwletli kişi janyny gaflatdan oýaran, halyny bilen kişidir.
*  *  *
Maksada sabyr bilen ýetiler.
*  *  *
Aýaga galksaň, hyzmat üçin galk.
*  *  *
Sözleşseň hikmetli sözleş, otursaň hormatly otur.

Beýleki habarlar