Arkadag şäheri – bagtly geljegiň mekany

4 Dekabr 2024
155

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde gözel künjekde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ençemesini özünde jemleýän bu şäheriň birinji tapgyrynyň gysga wagtyň içinde gurulmagynyň özi haýran galdyryjy wakadyr, şol bir wagtda-da buýsandyryjy we guwandyryjy hakykatdyr. Bu “akylly” şäher Konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň ýaş türkmen gurluşykçylary we hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalarda ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýaşaýjylar üçin iň amatly, rahat we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy kommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň peýdalanylandygyny göz öňünde tutsak, onda munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzda zehinli, giň gözýetimli, sowatly we ukyply türkmenistanlylaryň täze ýaş nesliniň dörändiginden habar berýär. Bu nesil döwür bilen aýakdaş gitmäge, ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirmäge, ykdysady pudaklary ýokary tehnologiýalar bilen dolandyrmaga ukyply nesildir. Munuň özi döwrüň talabydyr, kuwwatly döwlet bolmagyň, öňe okgunly hereket etmegiň esasy şertidir. Arkadag şäheri halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Şonuň üçin Arkadag şäherine “ýaşlar şäheri” diýilmegi kanunalaýyk we tebigy ýagdaýdyr.

Asdanogly DÖWLETOW,
Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar