Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýigidiň myrady atdyr

Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli günleriň hözirini görýär. Toýlary toýa ulaşýan halkymyzyň her bir güni şatlyk-şagalaňa, toý-baýramlara beslenýär. Şu günler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramyna we ilkinji gezek onuň bilen bilelikde geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna giňden taýýarlyk görülýär. Türkmeni dünýä tanadan milli şaý-sepleri, halylary, dutary bilen bir hatarda, eziz saýylýan bedew atlary hemişe söýgä, sylag-hormata mynasyp. Türkmen ahalteke atlarynyň şöhraty baryp Oguz han döwründen bäri äleme ýaýylyp gelýär. Türkmeniň nusgawy edebiýatynda, gadymy golýazmalarda olaryň şan-şöhraty şygryýetiň we kyssanyň sazlaşykly setirlerinde beýan edilýär.

Gudratly sungat

Türkmençilikde haýsy kär bolsa bolsun, tapawudy ýok, esli wagtlap synaglardan geçen şägirtlerine halypanyň ak pata bermek däbi bar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran, ady rowaýata öwrülen meşhur Şükür bagşy hem birnäçe adama halypalyk goluny uzadypdyr. Ol öz şägirtlerine göwni ýetip, ak pata bereninde: «Kär halal bolsun!» diýen setir bilen tamamlanýan şu sözleri aýdar eken:

Gök sapak dakmak däbi

Baharyň ilkinji günlerinde, halk arasynda aýdylyşy ýaly,  «garlawaç gelmänkä» çagalykda her bir gyzjagazyň durmuşyna täze röwüş berýän gulakhalka dakmak däbi ýadyma düşýär. Öňler bu däp bilen her obada ýörite meşgullanýan zenanlaryň bolandygy barada enem şeýle gürrüň berýär: — Çagalykda her syrgyndan gulagyna iňňebagjyk ötürjek 5 — 10 ýaş aralygyndaky gyzjagazlar topar-topar bolup gaýraky hatarda oturýan Täçbibi daýzanyňka barardylar. Ýogyn saç örümlerini iki gulagynyň öňünden towlap alyp arka atan, gyzyl oramakly Täçbibi daýza özüne howatyrly hem bilesigelijilikli garaýan mönje gözli gyzjagazlary mylaýym sözleri bilen köşeşdirerdi. Ol gyzjagazlaryň gulagynyň ýuka ýerini şerebeli suwda mazaly owkalardy. Soňra temeni derde derman düýe ýüňünden işilen sapak bilen sapaklap, ýaga batyryp, gulaga ötürerdi. Bu däp ýerine ýetirilende:

Medeni miras — müdimi miras

ÖÝ GELŞIGI GÜLLI KEÇE Keçe öndürmek öňden gelýän kesp-kärleriň biri bolup, häzirki wagtda çarwa obalarynda ýaşaýan gelin-gyzlar onuň bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Mälim bolşy ýaly, keçe goýnuň güýz ýüňünden, şonuň ýaly-da (çopanlaryň atlandyryşyna laýyklykda) baýzy ýüňden, ýagny silkmesi ýeten guzularyň ilkinji gyrkylan ýüňünden edilýär. Keçe öndürmek üçin ýüňi taýýar hala getirmek köp möçberde el zähmetini talap edýär. Ýeri gelende belläp geçsek, onuň üçin yzygiderlilikde ýüň başda saýlanýar, saýylýar, daralýar, boýalýar. Keçe öndürilende bolsa taýýar hala getirilen ýüňden keçe güllenýär, basylýar. Görnüşi, ölçegi, uly-kiçiligi, salynýan nagyşlary, ulanylyş aýratynlyklary bir-birinden tapawutlanýan keçeleriň atlandyrylyşy hem dürli-dürli. Takyk ölçegler boýunça aňladylanda keçeleriň iň kiçisiniň boýy 0,5, iň ulusynyň boýy bolsa, 5 metre barabar möçberde öndürilýär. Ininiň uzynlygy, köplenç, boýunyň ýaryna barabar bolýar. Keçeleriň atlandyrylyşy, esasan, ulanylyşy bilen bagly bolup, ojakbaşy, düzkeçe, ýankeçe, törkeçe, böwürkeçe, düşekkeçe, epmekeçe, sepkeçe ýaly sözler bilen aňladylýar. Boýag, reňk ulanylman, diňe bir görnüşli ýüňden öndürilýän keçelere umumylykda düzkeçe diýilýär. Ojakbaşy keçeler düzkeçe görnüşinde, öz atlaryndan hem mälim bolşy ýaly, ak öýleriň ortasynda ot ýakmak üçin niýetlenen ojagyň daşyna aýlanyp duran şekilde, ýörite ölçegler esasynd

Guýmagursak zehin

Durmuşda käte garaşylmaýan ýagdaýlar hem ýüze çykýar duruberýär. “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň şol wagtky baş redaktory, žurnalistler guramasynyň welaýat bölüminiň başlygy Tagan Söhbedow bilen şol guramanyň jogapkär kätibi Akmyrat Ýazyýew ikisi iş sapary bilen Moskwa şäherine gitmäge taýýarlanyp ýördüler. Şol wagtam Akmyrat Ýazyýewi Murgap etrap häkimligine gyssagly çagyrdylar. Marydan Murgaba gelýänçä bu çakylygyň sebäbi barada müň pikiri serinde aýlan Akmyrat etrap ýolbaşçylarynyň oňa öz dogduk obasynyň adamlarynyň teklibi hem-de haýyşy boýunça Ata-Lewin adyndaky daýhan birleşigine başlyklygy ynanmakçy bolýandyklaryny eşidende, bulutsyz gün ýyldyrym çakana döndi. Etrap ýolbaşçylary bu meseläniň gutarnykly çözülendigini aýdansoňlar, oňa ylalaşaýmakdan başga ýol ýokdy. Ine, şeýdibem, Akmyrat Ýazyýew žurnalistligi birbada bir tarapa goýup, obadaşlary bilen daýhan birleşiginiň işini ilerletmäge girişdi... Magtymguly Pyragyda “Ýagşylykda ile özün tanadan, alkyş alar, derejesi zor bolar” diýen setirler bar. Beýik akyldaryň şu setirleri, göýä, biziň şu makalada durmuş ýolundan söhbet açmakçy bolýan halypa žurnalistimiz Akmyrat Ýazyýew ýaly il-günüň hormatyna mynasyp bolýan adamlara bagyşlanyp döredilen ýaly bolup dur.

Paryzdepe

Gahryman Arkadagymyz ýakynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň özeniniň şan-şöhratly geçmişimiz, eziz Watanymyzyň beýik taryhy, milletimiziň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklary bilen berk baglydygyna üns çekip, onuň bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ylmy esasda içgin öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, köpmüňýyllyk taryhly Oguz nesilleriniň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklarynyň esasy bölegi arheologiýa ýadygärlikleriň goýnundan ýüze çykarylýar. Şeýle maglumata baý ýadygärlikleriň biri-de Paryzdepedir. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda Paryzdepäniň taryhy we onuň Beýik Ýüpek ýolunyň urgunda tutýan orny barada şeýle belleýär: «Nusaýdan günbatarlygyna gidýän Beýik Ýüpek ýoly Nusaý welaýatynyň düzümine girýän birnäçe obadyr şäherleriň üstünden geçipdir. Orta asyr alymlarynyň işlerinde olar hakdaky maglumatlar bar. Şolaryň biri Täze Nusaýdan 10 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Paryzdepe ýadygärligidir. Arheologlaryň maglumatlaryna görä, bu şäher biziň eramyzdan öňki V müňýyllykda döräpdir hem-de giçki orta asyrlara çenli özüniň ösüşini dowam edipdir. Ýadygärlik heniz doly öwrenilmedik, ýöne ylmy seljerijiler bu ýeriň gülläp ösüşiniň taryhymyzda giňden belli bolan iki sany iri döwlet gurluşy — Parfiýa şalygynyň, şeýl

Şöhratly taryhymyza sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Halkyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, milletiň taryhy-medeni baýlygyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň möhüm ugruny düzýär» diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz baý milli mirasymyzy öwrenmegiň, ýaýmagyň we wagyz etmegiň möhümdigini aýratyn belleýär. Döwlet Baştutanymyz 9-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hem şonuň bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi ekmegi, hususan-da, halkymyzyň gadymy taryhy, türkmen halkynyň döreýşi we onuň dünýä medeniýetine, döwlet dolandyryş tejribesine goşan goşandy, Oguzhan döwrüniň taryhynyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleriň hemmetaraplaýyn we ylmy esasda öwrenilmelidigi, halkymyzyň nusgalyk ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmeginiň zerurdygy barada aýtmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy. Şonuň bilen baglanyşykly, biz — kitaphana işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyryljak ýylynda okyjylar bilen geçirilýän duşuşyklarda we çärelerde halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan taryhy, eziz Diýarymyzyň çägindäki medeni-taryhy ýadygärlikleri barada baý many-mazmunly gürrüň ederis hem-de bu ugurdaky tagallalara mynasyp goş

Halkymyzyň milli mirasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly gaýtadan dabaralanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyga berilýän üns, ahalteke bedewlerine goýulýan çäksiz sarpa aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Taryhy asyrlara uzaýan ahalteke atlary halkymyzyň milli mirasydyr, buýsanjydyr. Dünýä meşhur behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň taryhy geçmişinde we ýaşaýyş-durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Türkmen atşynaslary tarapyndan asyrlaryň dowamynda gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegine, olaryň seçgi tohumçylyk işleriniň has-da kämilleşdirilmegine aýratyn üns berlipdir. Şoňa görä-de, bu gün atçylyk pudagyny ösdürmek, türkmen milli seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler her birimizi guwandyrýar.

Saz-söhbede utgaşdy

Tejen şäher Medeniýet öýünde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli okyjylar bilen duşuşyk geçirildi. Şäheriň medeniýet bölümi, çagalar sungat mekdebi hem-de şäher merkezi kitaphanasy tarapyndan bilelikde guralan duşuşyga kitaphananyň ýaş okyjylarynyň uly topary gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan ugur alnyp geçirilen duşuşykda Tejen şäher merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Batyr Annaýew, şäheriň çagalar sungat mekdebiniň işgäri Döwran Amanberdiýew hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň baý many-mazmuny barada täsirli gürrüň berdiler, türkmen alabaýynyň halkymyzyň ykbalynda, onuň halk döredijiliginde, edebiýatda hem-de çeper döredijilikde eýeleýän orny dogrusynda aýratyn durup geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň «Dünýä abadanlyk nuruny saçsyn!», «Ilkinji hem ynamdar syrdaş», «Çagalyk dosty — wepaly dost», «Wepalylygyň hem-de batyrlygyň keşbi» diýen bölümlerinden bölekleriň okalmagy duşuşyga gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

Atym - ganatym, itim - gutum

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň gadymdan gözbaşly milli miraslary Ýer ýüzüne ýaýylyp, dünýä gymmatlyklaryna öwrülýär. Çünki daşary döwletleriň halklary hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplaryny okap, ata-babalarymyzyň öz gardaşyna deňän gamyşgulak ahalteke bedewleri hakynda düşünje alsalar, «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» ýaly kitaplaryny okap, halkymyzyň uzak heňňamlaryň içinden geçip, biziň döwrümize gelip ýeten halyçylyk sungatynyň ajaýyp dünýäsine syýahat edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», iki jiltden ybarat «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly kitaplary bolsa medeni dünýämize edilýän syýahaty has täsirlendirip, milli miraslarymyzyň köpöwüşginlidigini, däp-dessurlarymyzyň juda ynsanperwerdigini bütin aýdyňlygy bilen beýan edýärler. Milli miraslarymyza, däp-dessurlarymyza bolan bimöçber söýgi «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» ýaly romanlarynda-da mähriban Prezidentimiziň üns merkezinden düşenok. Şonuň üçin halkymyzyň milli gymmatlyklaryny halkara jemgyýetçiligine wagyz etmekde bu kitaplaryň ähmiýeti-de diýip-aýdardan ýokarydyr. Pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürip, terbiýeläp kemala getire

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylmyň dürli ugurlarynda bolşy ýaly, edebiýatyň hem ylmy esasda öwrenilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň netijesinde nusgawy edebiýatymyz, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserleri has içgin öwrenilýär. Oguz han atamyzyň eýýamyndan gözbaş alýan türkmen edebiýaty milli edebi gymmatlyklar ulgamynyň kemala gelmeginde uly orna eýe bolup, akyldar şahyrlary, danalary bilen şöhratlanýar. Uzak taryhyň gatynda galan dürdänelerimizi öwrenmek we halk köpçüligine ýetirmek giň gerimde alnyp barylýar. Adamzadyň milli, medeni-ruhy ösüşine täsir eden akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň ylmy we edebi mirasyny toplamak, öwrenmek, neşir etmek we dünýä tanatmak baradaky taryhy ähmiýetli ylmy edebi taglymatlara esaslanyp, türkmen edebiýatynyň Abu Sagyt Abulhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Mahmyt Zamahşary, Baýram han Türkmen, Andalyp, Azady, Magtymguly Pyragy ýaly ençeme akyldarlarymyzdyr şahyrlarymyzyň edebi mirasy we terjimehal maglumatlary, ylmy garaýyşlary töwerekleýin öwrenilýär we dünýä ýaýylýar.

Görkünde göz eglener

Zenan maşgala eden işiniň nepisden owadan bolmagyny isleýär. Zenanlarymyzyň mähir-yhlas siňdirip döredýän ajaýyp milli mirasy bolan keçeleri synlanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Çeper ellerde sünnälenip kemala getirilýän, ýylysy ýakymly keçelerimiz zenan kalbynyň syrlar hazynasy bolup görünýär. Ol — öýleriň, toýlaryň bezegi, ene-mamalarymyzyň, gyz-gelinlerimiziň çeper elliliginiň güwäsi. Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy hakynda ejem jan kän zatlary gürrüň beripdi. Ejemiň ussatlygyndan nepislik bilen kemala gelýän keçeleri synlap, şol wagtlar bu hünäriň diýseň inçeligini göz öňüne hem getirmändiris. Keçäniň ýüňüni saýlap almak, ýuwup-arassalamak, güllügini, ýüzlügini, gyragaralygyny taýýarlamakdan ötri, ony güllemek, çekmek, basmak ýaly köpçülik bolup ýerine ýetirilýän işler uly zähmetdir yhlasy talap edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda keçelerimize ýokary baha berip: «Türkmen keçesi müňýyllyklaryň dowamynda atalarymyzyň ruhy dünýäsinde hem-de halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýär. Gadymy zamanlarda ata-babalarymyz näsaga ýabany haýwanlaryň güýç-kuwwatyny bermek üçin ony keçä ýa-da hala dolar ekenler. Ýüňüň şeýle jadyly güýjüne ynanmak şu günlere çenli saklanyp galypdyr we şindem çaga sallançagyna kilim, keçe ýa-da haly düşemek dowam edip gelýär. Gadymy ynanja görä, keçe bela-beterleri, erbet garaýyşlary özüne siňdirýärmiş, gözden-dil

Milli buýsanjymyz

Türkmen alabaýynyň täsinligi Bize ähli ulgamda nusgalyk görelde, halypa bolup duran Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna serpaý beren, paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri biziň ýankitabymyza öwrüldi. Ol gymmatly kitaplar döwrümiziň dürli kärlerde zähmet çekýän islendik ýaşly raýaty üçin hem ruhy gollanma bolup durýar. Şeýle gymmatly hem täsirli eserleriň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabydyr. Bu kitapda, adyndan belli boluşy ýaly, türkmen halkymyzyň gadymyýetden bäri milli gymmatlyklarynyň biri bolan, türkmen alabaý itleri dogrusynda giňişleýin taryhy maglumatlar beýan edilýär. Bu gymmatly eserde taryhyň gatyndan heňňam arkalan türkmen alabaýlaryna dürli döwürlerde, dürli halklaryň, dünýäniň jahankeşdeleriniň, nazarkerde synçylarynyň her hili atlary berendigini, şol atlara-da türkmen alabaýlarynyň mynasypdygyny görkezýän ajaýyp suratlar ýerleşdirilipdir.

Ak pata — ak arzuw

Bir haýyrly iş üçin ak pata almak türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna mäkäm ornaşyp, ruhy dünýäsine güýç berip gelipdir. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» patanyň ata-ene we halypa tarapyndan aýdylýan alkyşly söz, dilegdigi aýdylyp, pata almagyň belli bir hünäre, käre barmaga, ýola düşmäge biriniň ýa-da köpçüligiň razylygyny, alkyşyny almak, doga okap ýola salmakdygy düşündirilýär. Türkmençilikde ak pata berlende, düzgüne laýyklykda, Gurhany-Kerimiň birinji süresi okalýar. Bu babatda beýik söz ussady Nurmuhammet Andalybyň “Köňlüm” atly goşgusyny ýada salalyň:

Şany dünýä dolýan bedew

Halkymyzyň bagtyýar durmuşy şatlykly wakalara beslenýär. Şeýle guwandyryjy wakalaryň biri-de bedew atlarymyz bilen bagly halkymyza gowşan habardyr, ýagny geçen aýyň ahyrynda gözellikde we ýyndamlykda meşhur bolan Akhanyň hem-de Lälegyzyň taýynyň dünýä inendigi baradaky hoş habar buşlandy. Hormatly Prezidentimiz bu taýa Aşgabat diýip at goýdy. Munuň özi, ak mermerli gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk şanly senesini has-da dabaralandyrýan pursatlaryň birine öwrüldi. Türkmen halkynyň uçar ganatyna deňelýän bedewlerimiz milli buýsanjymyzdyr. Ahalteke bedewi diýlende, ilki bilen, halkymyzyň milli watançylygy göz öňüňde janlanýar. Çünki bedew atlara «goç ýigidiň myrady» diýilýär. Türkmen halkynyň milli mirasynda hem halk döredijiliginde bedew atlarymyz barada taryhy we edebi maglumatlar jemlenýär. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanynda Göroglynyň Gyraty bilen bagly wakalardyr pursatlar geçmişde halkymyzyň bedew ata uly üns berendigini aýdyň görkezýär.

Milli terbiýeçilik mekdebi

Hormatly Prezidentimiz dünýä nusgalyk milli medeniýetimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne laýyk getirmek, ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalar edýär. Kämil medeniýetimize we sungatymyza dünýäde belent sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly tagallalary netijesinde türkmen halky özüniň milli däp-dessurlaryny, edebi, taryhy hem-de medeni mirasyny öwrenmekde giň mümkinçiliklere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz türkmeniň ruhy atasy Magtymgulynyň çuňňur manyly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdygyny, bütin dünýäde onuň hatyrasynyň belentde tutulyp, beýik söz ussadynyň döredijiliginiň islendik okyjy üçin egsilmez ylham, ruhy güýçdügini ýygy-ýygydan belleýär. Çünki, Magtymguly Pyragy bütin adamzat jemgyýetiniň şahyry bolup, onuň döredijiligi ynsan kalbyna çuňňur ornaşyp, ony ahlak arassalyga, kalby päklige çagyrýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde beýik söz ussadynyň şygyrlary ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle edep-terbiýe, ylym-bilim bermekde ygtybarly çeşme, taýsyz gollanma bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň her bir setiri, her bir sözi ýaş nesli watançylyk ruhda, ynsanperwer, jogapkärçilikli, zähmetsöýer, bilesigeliji, bilime, ylma we hünäre höwesli şahsyýetler hökmünde terbiýelemekde, bagtyýar durmuşa taýýarlamakda uly mekdepdir. Şahyryň çuňňur mana baý döredijiligi türkmen milletiniň çeper, ylmy we jemgyýetçilik-f

Akyldar şahyryň arzuwlan döwri

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 8-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary we ajaýyp söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu şanly senäni ýokary derejede belläp geçmek üçin häzirden taýýarlyk görlüp başlanmalydygyny aýtdy. Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet babatdaky arzuwy amala aşdy. Milli Liderimiz dana şahyryň berkarar türkmen döwleti hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirdi hem-de onuň ömrüni, döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmäge giň ýol açdy.

Gözelligiň gözbaşy — keteni

«Meniň dilim, seniň eliň hünäri, Nusga bolup galsyn, ilden-illere» diýip, Kemine şahyryň aýdyşy ýaly, ene-mamalarymyzyň el işleri nesilden-nesle geçip, indi ençeme asyrlardan bäri dowam etdirilýär. Gözelligiň gözbaşyna öwrülen türkmen ketenisi hem şeýle nepis sungatyň biridir. Bir gyrasyna atyp gelýän daňyň altyn reňkleri berlen, bir ýanyna bolsa ýaşyp gelýän şapagyň altynsow reňki çaýylan, ikisiniň arasy öwüşgin atyp duran ajaýyp dünýäni özünde jemleýän türkmen ketenisi gelin-gyzlaryň çeper elleriniň hünäridir. Gelin-gyzlar mähribanlygy, paýhaslylygy, eli çeperligi bilen ynsan dünýäsini bezeýärler. Olaryň çeper elleriniň döredýän işleri göreniň gözüni gamaşdyrýar. Gözüň ýagyny iýip barýan türkmen haly-palasy, ketenisi köpleri haýran galdyrýar. Keteni dokamak diňe türkmen gelin-gyzlarynda duş gelýän ajaýyp sungatdyr. Arassa ýüpekden dokalýan ketenileri türkmen gyzlary durmuşa çykanlarynda, toý-baýramlarda dürli nagyşlar we şaý-sepler bilen bezäp geýýärler. Munuň özi ajaýyp gözelligi emele getirýär. Şeýle hem ajaýyp ketenileriň gözelligi toýlara, baýramlara bezeg berýär.

Gadymy bedewler

1. Ahalteke aty Ahalteke arassa ganly tohum aty dünýädäki ähli tohum atlarynyň iň gadymkysy bolmak bilen, türkmenler tarapyndan bäş müň ýyl mundan ozal Türkmenistanyň dagetek ýaýlalarynda döredilipdir. Onuň türkmen halky bilen deňeçer taryhy bardyr. Gadymy grekler olary «massaget», «nusaý», «parfiýan» atlary diýip atlandyrsa, hytaýlylar «asman atlary», «ýel atlary», arap, pars edebiýatynda «huttal, haýtal (abdal) atlary» diýip atlandyrypdyrlar. Ahalteke atlarynyň gatnaşdyrylmagynda Beýik Britaniýada iňlis atlary, Germaniýada trakenen atlary, Azerbaýjanda garabag atlary we beýleki tohum atlar döredilipdir. Professor W.O.Witt «Ahalteke tohum atlary bütin dünýäniň medeni atçylygyny döretmekde uly ähmiýete eýe bolan, sap arassa ganly tohum atlaryň nesil çeşmesiniň soňky damjasydyr» diýip belleýär.

Bazar söwdasynyň milli dessurlary

Halkymyz ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda öz milli ýörelgelerini, dessurlaryny, kadalaryny döredipdir. Olaryň biri-de söwda, täjirçilik bilen baglydyr. Halkymyzda iň adalatly, halal söwda «Pygamber söwdasy» diýlipdir. Pygamber söwdasy bolanda, harydy şol bir duran ýerinde alyp satmak haram hasaplanylypdyr. Hakyky söwdagär alys ýurtlara gidip, ile gerekli harytlar bilen bazary doldurmaly ekeni. Şonda pygamber söwdasyny edýän adam on teňňä alan zadyny on bir teňňä satmaly bolupdyr. Terezide kem çekip bermek, alyja al salmak külli günä hasaplanypdyr. Bazardaky tereziniň, terezi daşlarynyň düzüwligine gözegçilik edýän adama «kepban» diýlipdir. Ondan daşary hem adalatly, halal söwdagärler peýdasynyň kyrkdan birini zekat çykaryp, mätäç adamlara, haýyr-sahawat işlerine sarp edipdirler.