Hormatly Prezidentimiz dünýä nusgalyk milli medeniýetimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne laýyk getirmek, ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalar edýär. Kämil medeniýetimize we sungatymyza dünýäde belent sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly tagallalary netijesinde türkmen halky özüniň milli däp-dessurlaryny, edebi, taryhy hem-de medeni mirasyny öwrenmekde giň mümkinçiliklere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz türkmeniň ruhy atasy Magtymgulynyň çuňňur manyly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdygyny, bütin dünýäde onuň hatyrasynyň belentde tutulyp, beýik söz ussadynyň döredijiliginiň islendik okyjy üçin egsilmez ylham, ruhy güýçdügini ýygy-ýygydan belleýär. Çünki, Magtymguly Pyragy bütin adamzat jemgyýetiniň şahyry bolup, onuň döredijiligi ynsan kalbyna çuňňur ornaşyp, ony ahlak arassalyga, kalby päklige çagyrýar.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde beýik söz ussadynyň şygyrlary ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle edep-terbiýe, ylym-bilim bermekde ygtybarly çeşme, taýsyz gollanma bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň her bir setiri, her bir sözi ýaş nesli watançylyk ruhda, ynsanperwer, jogapkärçilikli, zähmetsöýer, bilesigeliji, bilime, ylma we hünäre höwesli şahsyýetler hökmünde terbiýelemekde, bagtyýar durmuşa taýýarlamakda uly mekdepdir. Şahyryň çuňňur mana baý döredijiligi türkmen milletiniň çeper, ylmy we jemgyýetçilik-filosofiki paýhasynyň ösüşiniň ýokary derejesini görkezýär. Beýik şahyryň şygyrlary dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip, bütin adamzat üçin gymmatly edebiýatdyr. Şahyryň şygyrlary edep mekdebi, beýik medeniýetdir. Ahlak gymmatlyklara, ynsanyň içki dünýäsine uly sarpa goýýan akyldar şahyrymyz Magtymguly ruhy baýlygyň möhüm esaslaryny bir ýere jemleýär. Eziz Diýarymyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerinde, geçirilýän medeni-köpçülik çärelerinde, ylmy-amaly maslahatlarda Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan öwüt-ündewleri, şygyrlarynda beýan edilýän ruhy-ahlak gymmatlyklary barada gyzykly söhbetler guralýar. Beýik şahyryň eserlerini yzygiderli okamak ruhuňy baýlaşdyrýar, dünýägaraýşyňy giňeldýär.