Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly gaýtadan dabaralanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyga berilýän üns, ahalteke bedewlerine goýulýan çäksiz sarpa aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Taryhy asyrlara uzaýan ahalteke atlary halkymyzyň milli mirasydyr, buýsanjydyr. Dünýä meşhur behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň taryhy geçmişinde we ýaşaýyş-durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Türkmen atşynaslary tarapyndan asyrlaryň dowamynda gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegine, olaryň seçgi tohumçylyk işleriniň has-da kämilleşdirilmegine aýratyn üns berlipdir. Şoňa görä-de, bu gün atçylyk pudagyny ösdürmek, türkmen milli seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler her birimizi guwandyrýar.