Saz-söhbede utgaşdy

13 Aprel 2021
1560

Tejen şäher Medeniýet öýünde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli okyjylar bilen duşuşyk geçirildi. Şäheriň medeniýet bölümi, çagalar sungat mekdebi hem-de şäher merkezi kitaphanasy tarapyndan bilelikde guralan duşuşyga kitaphananyň ýaş okyjylarynyň uly topary gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan ugur alnyp geçirilen duşuşykda Tejen şäher merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Batyr Annaýew, şäheriň çagalar sungat mekdebiniň işgäri Döwran Amanberdiýew hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň baý many-mazmuny barada täsirli gürrüň berdiler, türkmen alabaýynyň halkymyzyň ykbalynda, onuň halk döredijiliginde, edebiýatda hem-de çeper döredijilikde eýeleýän orny dogrusynda aýratyn durup geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň «Dünýä abadanlyk nuruny saçsyn!», «Ilkinji hem ynamdar syrdaş», «Çagalyk dosty — wepaly dost», «Wepalylygyň hem-de batyrlygyň keşbi» diýen bölümlerinden bölekleriň okalmagy duşuşyga gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

Ogulşirin HALMYRADOWA,
Tejen şäher merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar