Zenan maşgala eden işiniň nepisden owadan bolmagyny isleýär. Zenanlarymyzyň mähir-yhlas siňdirip döredýän ajaýyp milli mirasy bolan keçeleri synlanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Çeper ellerde sünnälenip kemala getirilýän, ýylysy ýakymly keçelerimiz zenan kalbynyň syrlar hazynasy bolup görünýär. Ol — öýleriň, toýlaryň bezegi, ene-mamalarymyzyň, gyz-gelinlerimiziň çeper elliliginiň güwäsi. Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy hakynda ejem jan kän zatlary gürrüň beripdi. Ejemiň ussatlygyndan nepislik bilen kemala gelýän keçeleri synlap, şol wagtlar bu hünäriň diýseň inçeligini göz öňüne hem getirmändiris. Keçäniň ýüňüni saýlap almak, ýuwup-arassalamak, güllügini, ýüzlügini, gyragaralygyny taýýarlamakdan ötri, ony güllemek, çekmek, basmak ýaly köpçülik bolup ýerine ýetirilýän işler uly zähmetdir yhlasy talap edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda keçelerimize ýokary baha berip: «Türkmen keçesi müňýyllyklaryň dowamynda atalarymyzyň ruhy dünýäsinde hem-de halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýär. Gadymy zamanlarda ata-babalarymyz näsaga ýabany haýwanlaryň güýç-kuwwatyny bermek üçin ony keçä ýa-da hala dolar ekenler. Ýüňüň şeýle jadyly güýjüne ynanmak şu günlere çenli saklanyp galypdyr we şindem çaga sallançagyna kilim, keçe ýa-da haly düşemek dowam edip gelýär. Gadymy ynanja görä, keçe bela-beterleri, erbet garaýyşlary özüne siňdirýärmiş, gözden-dilden goraýarmyş» diýýär.
Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen döräp, ýürek ýylysy siňen bu milli miras gözüme has yssy hem mähriban bolup görünýär. Çünki olary synlasam ejem janyň irginsiz yhlasyny, zähmetsöýerligini görýärin. Ejem jan bize sargyt edende-de: «Gyz maşgala keçe göwünli bolmalydyr» diýerdi. Ol sözüň manysyna düşünmek üçin ençeme ýyllary arka atmaly bolanam bolsak, bu gün keçe göwünli bolmagyň iň ajaýyp häsiýetdigine göz ýetirdik. Kiçiligimden ejemiň keçe gülleýşini görüp, oňa salýan nagyşlaryny ýatdan bilýärdik. Gyzyl-elwan gülli, şeýle-de, ak keçelere guwanardyk. Keçe gyzgyna, sowuga çydamly, ähli zady özüne siňdirip, ýüzüne çykarmaýan, jana ýakymlylygy bilen adamlaryň söýgüsine eýe bolan senet. Ine, köpügören enelerimiziň bizde görmek islän häsiýetleri hem keçelerimizde jemlenen eken. Özünde ajaýyp bir dünýäni janlandyrýan, zenan kalbynyň ylhamy bolan halydyr keçeler hiç haçan gymmatyny ýitirenok. Ýyl-ýyldan gadyr-gymmaty artyp, diňe bir törümiziň däl, eýsem, kalbymyzyň hem bezegine öwrülýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň arzuw-umytlary siňen milli mirasymyzda zenanlarymyzyň çeperligini, sabyr-kanagatyny, irginsiz yhlasyny, göwün gözelligini görmek bolýar.