Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylmyň dürli ugurlarynda bolşy ýaly, edebiýatyň hem ylmy esasda öwrenilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň netijesinde nusgawy edebiýatymyz, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserleri has içgin öwrenilýär.
Oguz han atamyzyň eýýamyndan gözbaş alýan türkmen edebiýaty milli edebi gymmatlyklar ulgamynyň kemala gelmeginde uly orna eýe bolup, akyldar şahyrlary, danalary bilen şöhratlanýar. Uzak taryhyň gatynda galan dürdänelerimizi öwrenmek we halk köpçüligine ýetirmek giň gerimde alnyp barylýar. Adamzadyň milli, medeni-ruhy ösüşine täsir eden akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň ylmy we edebi mirasyny toplamak, öwrenmek, neşir etmek we dünýä tanatmak baradaky taryhy ähmiýetli ylmy edebi taglymatlara esaslanyp, türkmen edebiýatynyň Abu Sagyt Abulhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Mahmyt Zamahşary, Baýram han Türkmen, Andalyp, Azady, Magtymguly Pyragy ýaly ençeme akyldarlarymyzdyr şahyrlarymyzyň edebi mirasy we terjimehal maglumatlary, ylmy garaýyşlary töwerekleýin öwrenilýär we dünýä ýaýylýar.