Ýigidiň myrady atdyr

14 Aprel 2021
1477

Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli günleriň hözirini görýär. Toýlary toýa ulaşýan halkymyzyň her bir güni şatlyk-şagalaňa, toý-baýramlara beslenýär. Şu günler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramyna we ilkinji gezek onuň bilen bilelikde geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna giňden taýýarlyk görülýär.

Türkmeni dünýä tanadan milli şaý-sepleri, halylary, dutary bilen bir hatarda, eziz saýylýan bedew atlary hemişe söýgä, sylag-hormata mynasyp. Türkmen ahalteke atlarynyň şöhraty baryp Oguz han döwründen bäri äleme ýaýylyp gelýär. Türkmeniň nusgawy edebiýatynda, gadymy golýazmalarda olaryň şan-şöhraty şygryýetiň we kyssanyň sazlaşykly setirlerinde beýan edilýär.

Mekan HAÝYDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar