Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň gadymdan gözbaşly milli miraslary Ýer ýüzüne ýaýylyp, dünýä gymmatlyklaryna öwrülýär. Çünki daşary döwletleriň halklary hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplaryny okap, ata-babalarymyzyň öz gardaşyna deňän gamyşgulak ahalteke bedewleri hakynda düşünje alsalar, «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» ýaly kitaplaryny okap, halkymyzyň uzak heňňamlaryň içinden geçip, biziň döwrümize gelip ýeten halyçylyk sungatynyň ajaýyp dünýäsine syýahat edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», iki jiltden ybarat «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly kitaplary bolsa medeni dünýämize edilýän syýahaty has täsirlendirip, milli miraslarymyzyň köpöwüşginlidigini, däp-dessurlarymyzyň juda ynsanperwerdigini bütin aýdyňlygy bilen beýan edýärler. Milli miraslarymyza, däp-dessurlarymyza bolan bimöçber söýgi «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» ýaly romanlarynda-da mähriban Prezidentimiziň üns merkezinden düşenok. Şonuň üçin halkymyzyň milli gymmatlyklaryny halkara jemgyýetçiligine wagyz etmekde bu kitaplaryň ähmiýeti-de diýip-aýdardan ýokarydyr.
Pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürip, terbiýeläp kemala getiren ýene bir milli gymmatlygy şirpenje, ýolbarskelle alabaý itlerimizdir. Irki döwürlerde ýörite tohum itleri ösdürip ýetişdirýän itşynaslara «seýwanlar» diýlipdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň 1-nji jildinde: «Ussat seýwanlar uzak ýola çydamly we gije-gündiziň dowamynda dürli tebigy şertlerde hüşgär sakçylyk häsiýetli alabaý itlerini terbiýeläpdirler» diýip ýazýar. Şol itler hem halkymyzyň iň wepaly kömekçileriniň biri bolupdyr. Mert, garadangaýtmaz alabaýlar, hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, geçmişde kerwenleri goramakda edil ahalteke bedewleri ýaly aýratyn hyzmaty bitiripdirler. Alabaýlar çopanlaryň hem ýakyn syrdaşy bolup, sürini möjeklerden gorapdyrlar. Ata-babalarymyz birnäçe günlük ýola gitmeli bolanlarynda-da, öýlerini özleriniň alabaý itlerine tabşyryp, arkaýyn gidip bilipdirler.