Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Jeýhunyň ýakasyna syýahat

Halkymyzyň hak howandary alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitaplary gönüden-göni halkymyzyň taryhyny, taryhda döreden gymmatlyklaryny aýdyňlygy bilen açyp görkezýän ajaýyp ensiklopediýadyr. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Gündogar Türkmenistanyň çäginde saklanyp galan ajaýyp taryhy ýadygärliklere hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ähmiýetli ýadygärlikleriň biri hem Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen Hoja Idat galasydyr. Bu taryhy-medeni ýadygärlik Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýär. Hoja Idat galasynyň günorta-günbatarynda Erkgala (içki gala) ýerleşip, galanyň daş tarapyndan duşman howpy abananda, içi suw bilen doldurylýan garym gazylypdyr. Bu bolsa gala howp salýan duşman goşunyna garşy galany goraýjylar tarapyndan ilkinji päsgelçilik bolup hyzmat edipdir. Mundan başga-da galanyň diwarlary uly göwrümli, mäkäm gurlan diňler bilen berkidilipdir.

Geçmişiň buýsançly – gadamyň batly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Şonuň üçin hem, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şunuň ýaly taryhy ýerlerde hem gymmatly maglumatlary, taryhy tapyndylary görmek bolýar. Gadymy galalarda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerde hem binagärlik-gurluşyk galyndylary ýüze çykarylýar we ylmy esasda öwrenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet derejesindäki işler alymlaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri dö

Azyk we azyk däl önümleri gaplamak işiniň taryhyndan

1827-nji ýylda fransuz alymy Baret azyk önümçiliginde ulanylýan ýagly kagyzy oýlap tapýar. Ýagly kagyzyň bir gapdaly guradylan ýag bilen örtülendir. Biz gaplamanyň bu görnüşini häli-şindi aşhanada köke, keks, tort bişirmekde ulanýarys. Onuň käbir görnüşleri  bolsa kafelerde, restoranlarda örän wajyp orny eýeleýär. ***

Şirin zybanly Mahesti

Türkmen halky — beýik taryhly halk. Ol taryh şu günümize we geljege ýagty nur saçýar. Taryh diýlende, ilki bilen, beýik-beýik döwletleri dolandyran şahsyýetler ýadyňa düşýär. Şahsyýet bolup taryhda yz galdyrmak bolsa uly mertebedir. Batyrgaýlygy, dogumlylygy, talapkärligi, ýiti zehini we zenan gözelligi bilen taryhda yz goýup giden zenan şahyrlaryň biri hem Beýik Seljuk türkmenleriniň hökümdary Soltan Sanjaryň döwürdeşi Mahestidir. Mahesti edebiýat äleminde mynasyp orun tapmagy başarypdyr. Bu zenan şahyryň terjimehaly barada gaty ujypsyz maglumatlar saklanyp galypdyr. Onuň doglan ýyly we ýeri barada anyk maglumat gabat gelmeýär. Şonuň üçinem bu mesele häzire çenli jedelli bolup galýar. Taryhy maglumatlarda Mahestiniň Balhda, Hojanda, Nişapurda, Genjede doglandygy hakynda dürli maglumatlar berilýär. Alym Jöwheri Zergäriň Mahestä bagyşlap ýazan «Mahesti we Emir Ahmet» atly goşgusynda şeýle setirler bar:

Gadymy taryhly kuraş

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Kuraş göreş görnüşleriniň arasynda iň gadymylarynyň biridir. Taryha ser salsak, kuraşyň dörän, kämilleşen ýeri Özbegistan Respublikasy hasaplanylýar. Kuraş boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirildi. Kuraş ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizilipdi. Bu abraýly ýaryşda kuraş boýunça göreşen pälwanlarymyz ençeme medala mynasyp boldular. 2017-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary 7 medal gazandylar.

From the history of the Turkmen wrestling

The literary work Oguznama reads that the Turkmen national wrestling was one of the most popular martial arts in ancient times. In these times, the national wrestling was of great importance in preventing controversial issues. The Turkmen people loved their national wrestling and created proverbs with a deep meaning related to this martial art, namely, ‘don't pay respect to anyone in a wrestling contest’, ‘the one who fights will win, the one who competes will lose’, ‘wrestling brings glory, war teaches a lesson’, ‘the one who falls will not enjoy the struggle’.

Adam eli bilen dörän täsinlikler

Adamzat jemgyýetinde wagtyň geçmegi bilen ylymda, bilimde uly üstünlikler gazanylýar, ylmy gözlegler arkaly täze açyşlar edilýär. Muňa garamazdan, geçmişde döretmek üçin şertleriň we mümkinçilikleriň çäkli wagty hem adamzat ösüşe ymtylypdyr. Munuň şeýledigini üstünden müňlerçe ýyl geçen, adam eli bilen döredilen täsin gymmatlyklar hem subut edýär. Täsin harby lybas

Gadymy Köneürgenç — mukaddes toprak

Häzirki Köneürgenç şäheri ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň adybir etrabynyň merkezi bolmak bilen, Daşoguz şäherinden 120 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikleri 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi müňýyllyklaryň şaýady bolan arheologiýa we arhitektura ýadygärliklerini dünýäniň taryhçylary we alymlary tarapyndan has içgin öwrenmäge we syýahatçylyga uly mümkinçilikleri açdy. Umumybilim berýän orta mekdeplerde taryh derslerinden sapaklar guralanda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri okuwçylara öwredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesiller Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikler baradaky maglumatlary öwrenýärler. Olaryň öz Watanyna bolan buýsanjy artýar hem-de ýurdumyzyň taryhy-medeni goraghanalary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik bolýar.

Ta­ry­ha ser sal­saň...

«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahryman Arkadagymy­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de türk­men hal­ky­nyň geç­miş ta­ry­hy­nyň, mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň çuň­ňur öw­re­nil­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­myz­da döw­re­bap pi­kir ýö­red­ýän, ýo­ka­ry ah­lak­ly, giň göz­ýe­tim­li, ylym­ly-bi­lim­li ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­li­ge örän uly üns be­ril­ýär. Yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny bi­lim ul­ga­myn­da or­naş­dyr­mak, ta­lyp ýaş­la­ry yl­ma ug­ruk­dyr­mak hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­my­zyň mö­hüm ta­lap­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şeý­le mö­hüm ta­lap­lar­dan ugur alyp, ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­myn­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär.

Gözli ata — rowaýatlara siňen şahsyýet

Türkmenistanyň çäklerinde zyýarat maksatly gelim-gidimli ýerler örän köpdür, olaryň biri hem Gözli ata tahallusy bilen tanalýan sopy Hasan ata we onuň aýaly Aksuluw (Aksil hem diýilýär) mamanyň ýatan ýeridir. Bu ýerde Türkmenistanyň ähli künjeginden, şeýle hem goňşy ýurtlardan gelýän syýahatçylary kabul etmek maksady bilen myhmanhana we sadaka bermek üçin ähli şertler döredilen toplum gurlupdyr. Gözli ata XII — XIII asyrlarda ýaşap geçipdir. «Ol atalaryň soňky neslibaşysydyr» diýlip, ýazuw çeşmelerinde ýatlanylyp geçilýär. Şol döwürlerde Hoja Ahmet Ýasawynyň taglymatlaryny dowam etdirijiler öz adynyň yzyna «ata» diýen hormatly at derejesini dakypdyrlar. Olaryň biri hem Balkan türkmenleriniň arasynda sopuçylygy wagyz eden Hasan ata ýa-da Ahsan şyhdyr. Urug başy bolan Hasan atanyň ady golýazmalarda we beýleki taryhy çeşmelerde Hasan, Uzyn Hasan, Gul Gedaýy, Gözli ata ýaly tahallusy bilen duş gelýär. Bu barada türkmenleriň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragy, Durdy şahyr, Misgingylyç, Nedir şahyr (Kuraýyş) we beýlekiler öz goşgy setirlerinde agzap geçýärler. Pyragynyň «Ol nedir» goşgusynda «Gözli ata, Baba Selman şypa ber» diýen setiri bar.

Gündogaryň meşhur akyldary

«Beýik şahsyýetleriň ömrüni, olaryň hünär döredijiligini, ylmy mirasyny öwrenmek nesillerimiziň mukaddes borjudyr. Biziň milli lukmançylyk mirasymyz müdimidir, ol asyrlarboýy ýaşap, biziň şu günki günümize şuglasyny gaýgyrman saçýar» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylyk ylmyny öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça örän köp işleri bitirip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny, halk lukmançylygynyň tejribelerini, lukmançylykda yz galdyran alymlaryň mirasyny çuňňur öwrenmäge, olardan giňden peýdalanmaga uly mümkinçilikler bar.

Daňdanakandan tapylan gymmatlyklar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň bäş müňýyllyk taryhly gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda örän uly işler alnyp barylýar. Şeýle mümkinçilikleriň esasynda edara-kärhanalarda bolşy ýaly, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem gaznasyny has-da baýadyp, gelýän myhmanlara, jahankeşdelere taryhy gymmatlyklaryny giňişleýin düşündirmekde örän uly işleri alyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeýiň ylmy işgärleri muzeýe gelýän taryhy gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenip,  rejeleýiş işlerini geçirip, ekspozisiýalarda goýýarlar.

Mert ýigitler Watan üçin dogulýar

Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda soltan Jelaleddin barada şeýle bellenilip geçilýär: «Gadymda bina edilen Horezm şalygynyň hökümdarlarynyň biri Jelaleddin soltanyň Çingiz hanyň baştutanlygyndaky rehimsiz söweşijilere nähili zarba urandygyny bilýänsiňiz. Bu halkymyzyň buýsançly taryhydyr». Ömrüniň ahyryna çenli belli serkerde, zamanasynyň beýik şahsyýeti bolan soltan Jelaleddiniň gahrymançylygy ölmez-ýitmezdir. Bu barada Muhammet an-Nesewiniň «Soltan Jelaleddiniň ömür beýany» atly eserinde beýan edilmegine görä, Jelaleddin kakasyndan şalyk mirasdüşerligi alandan soň, doganlary bilen bilelikde Ürgenje gelýär we atasynyň Ozlag şanyň deregine tagtyny harby ukyplary üçin özüne berendigini jar etdirýär. Emma muňa Türkan hatynyň Ürgenji tabşyran gypjak serkerdeleri razy bolmandyrlar we basym öz taraplaryna Ozlag şany hem geçiripdirler. Olar täze yglan edilen kararyň garşysyna her hili pitne turzupdyrlar. Bu ýagdaýda şäheri gorap bilmejegini bilen Jelaleddin kiçiräk goşun bilen gizlinlikde şäherden çykyp gidýär. Ol göni Horasana barýar. Biraz wagtdan soň Ozlag şa hem Ürgençden gidýär. Netijede, Ürgenç şäheri gypjak serkerdeleriniň elinde galýar. Çingiz han 1221-nji ýylda Tili (Käbir çeşmelerde Tuly) hana Merwe ýöriş etmegi tabşyrýar. Merw bolsa şol wagt Köneürgenç döwletiniň düzüminde bolupdyr. 1221-nji ýylda Tili han köp goşun we Horasand

Adalatyň baýdagy: Beýik Osman döwleti

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň döreden beýik ýaşaýyş medeniýetleri, guran beýik döwletleri adamzadyň taryhynda lowurdap durandyr. Ol döwletler ylym, ýol-ýörelge, adalat baýdagy bolup pasyrdapdyr. Biz — bu günki türkmenler, geçmişimizi çuňňur öwrenmek bilen, gadymy oguz türkmen döwletiniň, Parfiýa döwletiniň, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleriniň, osman türkmenleriniň soltanlyklarynyň, beýleki türkmen döwletleriniň şöhratyna buýsanyp bileris» diýip ýazýar. Bu ajaýyp sözler Beýik Osman döwleti babatdaky şirin söhbete-de ýol açýar. Üç yklymyň döwleti ady bilen taryha giren Osman türkmenleriniň döwleti oguz türkmenleriniň gaýy taýpasyndan bolan edermen serkerde Ärtogrul Gazynyň ogly Osman Gazy tarapyndan Kiçi Aziýadaky 30-dan gowrak türkmen beglikleriniň birleşdirilmegi, netijede merkezleşen bitewi döwletiň döredilmegi bilen 1299-njy ýylda esaslandyrylýar.

Asyr­la­ry aşan dost­luk

Türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry öz göz­ba­şy­ny ga­dym­dan alyp gaýd­ýar. Bu gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hy asyr­la­ryň do­wa­myn­da hat-ýa­zu­wyň üs­ti bi­len bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip­ ýetipdir. Türk­men ta­ry­hyn­da Hy­taý «Çyn-Ma­çyn» ýa-da «Çyn» ady bi­len meş­hur­dyr. Hy­taý özü­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de gö­zel te­bi­ga­ty bi­len köp san­ly şa­hyr­lar­dyr alym­la­ry, ja­han­keş­de­ler­dir sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çe­kip­dir. Türk­me­niň be­ýik nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem Hy­ta­ýa ba­ryp gör­me­gi ar­zuw­lap: «Gö­wün is­tär, gez­sem Çyn-Ma­çyn, Hy­rat» di­ýip ýa­zyp­dyr. Hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, türk­me­niň şöh­rat­ly ta­ry­hy çuň­ňur öw­re­nil­ýär. Şun­da asyr­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä ýaň sa­lan Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ar­ka­ly türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­nyň iki hal­kyň ösüş­le­ri­niň, dost­lu­gy­nyň ber­ke­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­na aý­dyň göz ýe­tir­ýär­siň.

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen asyrlardan gözbaşly milli mirasymyzy, edebi baýlyklarymyzy toplamak, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny häzirki döwrüň ösüşinde özgertmek barada uly tagallalar edilýär. Ylmy, bilimi, edebi mirasymyzy ösdürmekde aýratyn hyzmatlary bitiren taryhy şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny öwrenmekde, olaryň umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakdaky bitiren işlerini dünýä ýaýmaga täze ugur alyndy. Lukmançylykda, edebiýat meýdanynda, ylmyň dürli ugurlarynda taýsyz hyzmatlary bitirip, dünýä meşhur bolan şahsyýetlerimiziň biri Abu Aly ibn Sinadyr. Bu ylym ägirdiniň ady adamzat jemgyýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr. Günbatar yklymynda onuň ady Awisennadyr. Ol örän görnükli filosof hem-de lukmandyr. Ýönekeýleşdirip aýtsak, Ibn Sina dünýäniň halklarynyň saglygyny goraýjy ägirdi, belli tebip hasaplanýar. Bu alym döredijilikli zähmeti, lukmançylyk hyzmaty bilen il-gününe özüni tanadandyr.

Ilkinji sagatlar

Gadymy döwürlerde wagt birligi Gün sagady arkaly ölçenilipdir. Olaryň ýasalyşy ýönekeý bolup, adamlar tekiz ýere gazyk dikipdirler. Onuň daşyna sanlar ýazypdyrlar. Gazygyň kölegesiniň üýtgemegi bilen wagt ölçenipdir. Howa bulutly bolanda ýa-da Gün ýaşanda sagady ulanyp bolmandyr. Soňra wagtyň geçmegi hem-de adamlaryň dünýägaraýyşlarynyň ösmegi bilen suw sagatlary döräpdir. Bir gapdan beýleki gaba suw damdyrylyp, suwuň ýüzündäki görkezijiler boýunça wagty hasaplapdyrlar. Gum sagatlary bolsa bir gapdan beýleki aýna gaba çäge dökülip hasaplanypdyr. Ilkinji mehaniki sagatlarda ýeke dil, ýagny diňe sagadyň wagtyny görkezýän dil bolupdyr. şäheriň iň görnükli ýerinde goýmak üçin döredilen sagat ilkinji gezek 1404-nji ýylda Moskwada — Borowisk baýryndaky dworýan köşgünde goýlupdyr. Jübi sagatlary, takmynan, 1500-nji ýyllarda Ýewropada peýda bolýar. Ilkinji maýatnikli sagat 1657-nji ýylda Gollandiýada ýasalypdyr. Häzirki wagtda ylmyň, tehnikanyň, elektron we nanotehnologiýanyň ösmegi bilen, kämilleşdirilen smart sagatlar giňden ulanylýar.

Änew me­de­ni­ýe­ti: taryhyň kämil eseri

G.Nuryýew,«Seýitjemaleddin», 1998 ý. Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my Änew şä­he­ri­ 2024-nji ýyl üçin Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Bu ba­ra­da­ky de­giş­li ka­rar TÜRK­SOÝ gu­ra­ma­sy­nyň me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­sin­de ka­bul edil­di.

Gadymy Merwiň ylmy hazynalary

Türkmen topragynyň taryhynyň alyslara uzap gidişi ýaly, onuň kitaphanalarynyň döreýşiniň hem heňňamlara uzaýandygy mälimdir. Şolaryň hatarynda gadymyýetde özüniň baý taryhy bilen äleme ýaň salan Merwiň kitaphanalarynyň at-owazasy bütin dünýä ýüzüne ýaýrapdyr. Kitaphana — şahyrlaryň, ýazyjylaryň, edebiýatçydyr taryhçylaryň, syýahatçylaryň köňül kelamy bolan hazynalaryň saklanýan ýeri. Eýýamlaryň gatlaryndan dürli-dürli taryhy wakalary öz goýnuna siňdiren mirashana. Ynsanyýetiň aň-düşünjesiniň häzirki ösen derejesine çenli ýol-çelgi bolan ugur görkeziji. Oňa häzirki ylmy asyryň döremeginiň hem sebäpkäri diýsek ýalňyşmarys. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Gadymy Merwiň birnäçe kitaphanalarynyň ady taryhy çeşmelerde gabat gelýär. Olaryň arasynda has ähmiýetlileri hökmünde Aziziýýe medresesiniň kitaphanasy, 12000 sany kitap gory bolan Kemaliýýe medresesiniň kitaphanasy, Mejdülmülk kitaphanasy, Nyzamylmülk kitaphanasy, Hatuniýýe kitaphanasy (Seljuk soltanlaryndan biriniň aýallaryna gurduran kitaphanasy), Tekiýýet az-Zamiriýýe kitaphanasy, Samanylaryň nebere kitaphanasy ýaly kitaphanalary görkezmek bolar. Her kitaphananyň özünde ýörite medreseleriň bolmagy kitaphana bilen ylym-bilim ojaklarynyň baglanyşyklydygyny görkezýär» diýip bellemek bilen, beýik alymlaryň ylym ojagy bolan kitaphanalar barada taryhy maglumatlary berýär.

Beýik türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyň iň meşhur ýörişi

Gaznaly Türkmen döwletiniň (963 — 1186) beýik hökümdary Soltan Mahmyt Gaznaly 970-nji ýylyň 14-nji noýabrynda doglupdyr. Mahmyt Gaznaly 998 — 1030-njy ýyllarda Gaznaly Türkmen döwletiniň hökümdary bolupdyr. Onuň doly ady Ýemineddöwle we Eminelmille Kähfelislam we Nyzameddöwle Abylkasym Gazy Mahmyt bin Söbüktegindir. Apbasy Halyfy Kadyr billäh 999-njy ýylda Samany döwletiniň ýykylmagy mynasybetli Soltan Mahmyt Gaznala halat, täç, yslam baýdagyny iberipdir we täze hökümdara «Ýemineddöwle we Eminelmille» («Döwletiň sag goly we milletiň kasamy») diýen beýik dereje-lakamy dakypdyr. Bu lakam Mahmyt Gaznalynyň ýörgünli ady bolupdyr. Mahmyt Gaznaly «Soltan» derejesini alan ilkinji türkmen hökümdarydyr. X-XI asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen taryhçy alym Muhammet Utby «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly eserinde soltanlygy şeýle beýan edipdir: «Soltan beýik Taňrynyň ýerdäki saýasydyr we ol Onuň halkyna bellän wekilidir. Ol Taňrynyň hakynyň berjaý edilmegine ýardam beriji ynamdar adamsydyr».