Türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklaryň taryhy asyrlaryň dowamynda hat-ýazuwyň üsti bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen taryhynda Hytaý «Çyn-Maçyn» ýa-da «Çyn» ady bilen meşhurdyr. Hytaý özüniň aýratynlyklary hem-de gözel tebigaty bilen köp sanly şahyrlardyr alymlary, jahankeşdelerdir syýahatçylary özüne çekipdir. Türkmeniň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy hem Hytaýa baryp görmegi arzuwlap: «Göwün istär, gezsem Çyn-Maçyn, Hyrat» diýip ýazypdyr.
Häzirki ajaýyp zamanada Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmeniň şöhratly taryhy çuňňur öwrenilýär. Şunda asyrlaryň dowamynda dünýä ýaň salan Beýik Ýüpek ýoly arkaly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki halkyň ösüşleriniň, dostlugynyň berkemeginde uly ähmiýete eýe bolandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň.