«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň geçmiş taryhynyň, maddy we ruhy medeniýetiniň çuňňur öwrenilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda döwrebap pikir ýöredýän, ýokary ahlakly, giň gözýetimli, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemeklige örän uly üns berilýär. Ylmyň gazananlaryny bilim ulgamynda ornaşdyrmak, talyp ýaşlary ylma ugrukdyrmak häzirki ajaýyp zamanamyzyň möhüm talaplarynyň biridir. Şeýle möhüm talaplardan ugur alyp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda belent sepgitlere ýetilýär.