«Beýik şahsyýetleriň ömrüni, olaryň hünär döredijiligini, ylmy mirasyny öwrenmek nesillerimiziň mukaddes borjudyr. Biziň milli lukmançylyk mirasymyz müdimidir, ol asyrlarboýy ýaşap, biziň şu günki günümize şuglasyny gaýgyrman saçýar» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylyk ylmyny öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça örän köp işleri bitirip gelýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny, halk lukmançylygynyň tejribelerini, lukmançylykda yz galdyran alymlaryň mirasyny çuňňur öwrenmäge, olardan giňden peýdalanmaga uly mümkinçilikler bar.