Gadymy döwürlerde wagt birligi Gün sagady arkaly ölçenilipdir. Olaryň ýasalyşy ýönekeý bolup, adamlar tekiz ýere gazyk dikipdirler. Onuň daşyna sanlar ýazypdyrlar. Gazygyň kölegesiniň üýtgemegi bilen wagt ölçenipdir. Howa bulutly bolanda ýa-da Gün ýaşanda sagady ulanyp bolmandyr. Soňra wagtyň geçmegi hem-de adamlaryň dünýägaraýyşlarynyň ösmegi bilen suw sagatlary döräpdir. Bir gapdan beýleki gaba suw damdyrylyp, suwuň ýüzündäki görkezijiler boýunça wagty hasaplapdyrlar. Gum sagatlary bolsa bir gapdan beýleki aýna gaba çäge dökülip hasaplanypdyr.
Ilkinji mehaniki sagatlarda ýeke dil, ýagny diňe sagadyň wagtyny görkezýän dil bolupdyr. şäheriň iň görnükli ýerinde goýmak üçin döredilen sagat ilkinji gezek 1404-nji ýylda Moskwada — Borowisk baýryndaky dworýan köşgünde goýlupdyr. Jübi sagatlary, takmynan, 1500-nji ýyllarda Ýewropada peýda bolýar. Ilkinji maýatnikli sagat 1657-nji ýylda Gollandiýada ýasalypdyr. Häzirki wagtda ylmyň, tehnikanyň, elektron we nanotehnologiýanyň ösmegi bilen, kämilleşdirilen smart sagatlar giňden ulanylýar.