Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda soltan Jelaleddin barada şeýle bellenilip geçilýär: «Gadymda bina edilen Horezm şalygynyň hökümdarlarynyň biri Jelaleddin soltanyň Çingiz hanyň baştutanlygyndaky rehimsiz söweşijilere nähili zarba urandygyny bilýänsiňiz. Bu halkymyzyň buýsançly taryhydyr».
Ömrüniň ahyryna çenli belli serkerde, zamanasynyň beýik şahsyýeti bolan soltan Jelaleddiniň gahrymançylygy ölmez-ýitmezdir. Bu barada Muhammet an-Nesewiniň «Soltan Jelaleddiniň ömür beýany» atly eserinde beýan edilmegine görä, Jelaleddin kakasyndan şalyk mirasdüşerligi alandan soň, doganlary bilen bilelikde Ürgenje gelýär we atasynyň Ozlag şanyň deregine tagtyny harby ukyplary üçin özüne berendigini jar etdirýär. Emma muňa Türkan hatynyň Ürgenji tabşyran gypjak serkerdeleri razy bolmandyrlar we basym öz taraplaryna Ozlag şany hem geçiripdirler. Olar täze yglan edilen kararyň garşysyna her hili pitne turzupdyrlar. Bu ýagdaýda şäheri gorap bilmejegini bilen Jelaleddin kiçiräk goşun bilen gizlinlikde şäherden çykyp gidýär. Ol göni Horasana barýar. Biraz wagtdan soň Ozlag şa hem Ürgençden gidýär. Netijede, Ürgenç şäheri gypjak serkerdeleriniň elinde galýar. Çingiz han 1221-nji ýylda Tili (Käbir çeşmelerde Tuly) hana Merwe ýöriş etmegi tabşyrýar. Merw bolsa şol wagt Köneürgenç döwletiniň düzüminde bolupdyr. 1221-nji ýylda Tili han köp goşun we Horasandan ýygnalan 70 müň ýesir bilen Merwe ýöriş edýär. Merw Köneürgenç döwletiniň düzümindäki şäherlerden özüniň baýlygy we kitaphanalary bilen tapawutlanypdyr. Şol döwür şähere Buga ýolbelet atly türkmen gelýär. Buga öz töweregine Çingiz hanyň goşunyna garşy göreşjekleri ýygnapdyr. Merwiň ilaty we oňa daşyndan gelip goşulanlar bilen bilelikde basybalyjylara berk gaýtawul görkezipdirler. Şäheri mertlerçe goramagy başarypdyrlar. Emma goşunyndaky adamlaryň san taýdan artykdygy üçin mongol goşuny Merwi basyp alýar.