Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen asyrlardan gözbaşly milli mirasymyzy, edebi baýlyklarymyzy toplamak, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny häzirki döwrüň ösüşinde özgertmek barada uly tagallalar edilýär. Ylmy, bilimi, edebi mirasymyzy ösdürmekde aýratyn hyzmatlary bitiren taryhy şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny öwrenmekde, olaryň umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakdaky bitiren işlerini dünýä ýaýmaga täze ugur alyndy.
Lukmançylykda, edebiýat meýdanynda, ylmyň dürli ugurlarynda taýsyz hyzmatlary bitirip, dünýä meşhur bolan şahsyýetlerimiziň biri Abu Aly ibn Sinadyr. Bu ylym ägirdiniň ady adamzat jemgyýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandyr. Günbatar yklymynda onuň ady Awisennadyr. Ol örän görnükli filosof hem-de lukmandyr. Ýönekeýleşdirip aýtsak, Ibn Sina dünýäniň halklarynyň saglygyny goraýjy ägirdi, belli tebip hasaplanýar. Bu alym döredijilikli zähmeti, lukmançylyk hyzmaty bilen il-gününe özüni tanadandyr.