"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Gatnaşyklar berkidilýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňňün Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi. Söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda kuwwatly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, iki doganlyk halkyň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Ilçi işe başlady

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýty kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň mähirli salamyny ýetirdi we iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara almak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Taraplar dünýä giňişliginde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Köpugurly hyzmatdaşlygy nazarlap

Möhüm kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülen, halkara derejeli ykdysady we medeni ýagdaýa, hyzmatdaşlyga möhüm täsirini ýetirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäniň üns merkezinde. Jemgyýeti ýa-da syýasaty öwrenijileriň bellemeklerine görä, täze taryh beýik amallar bilen ýazylýar, beýik maksatlar aýdyň pikirler bilen döredilýär. Şunda ýurdumyzda geçirilýän 12 — 13-nji maýyň gün tertibindäki Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de bu ýurtlaryň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu halkara forumlarda garaljak meseleler we onuň jemi boýunça kabul ediljek resminamalar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ýardam eder. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Parlamentinde dünýäniň 45 döwletiniň parlamenti bilen parlamentara dostluk toparlary döredildi. Ýurdumyzyň Parlamenti 2014-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň, 2017-nji ýylda bolsa Parlamentara Bileleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Parlamentara hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn hukuk binýadyny berkitmek boýunça dünýäniň ondan gowrak döwletiniň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalar baglaşyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleri GDA agza döwletleriň Parlamentara Ass

Aşgabatdaky wakalar dünýäniň ünsünde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Watanymyzda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan eýýamy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň okgunly dowamy ähli halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bolsa şol rowaçly gadamlaryň badalga alýan merkezi bolup durýar. Muny biz merjen şäherimiziň dür dänesini ýadyňa salýan kämil keşbinde, onda geçirilýän işjeň syýasy we medeni wakalaryň giň toplumynda hem aýdyň görýäris. Mälim bolşy ýaly, özüniň binagärlik aýratynlygy bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan ençeme gezek mynasyp orun alan paýtagtymyz dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly, öňdebaryjy şäherleriniň biri bolmak bilen birlikde, sebitde ylalaşdyryjy merkez, halkara derejeli syýasy, ykdysady we medeni duşuşyklaryň, möhüm ähmiýetli dabaralaryň geçirilýän ýeri hökmünde hem meşhurdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen köptaraplaýyn işjeň gatnaşyklary ýola goýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Ine, şu gün hem Watanymyzyň ýüregi, dünýäniň parahatlyk, dost-doganlyk merkezi bolan Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy, şeýle hem zenanlaryň dialogy öz işine başlaýar

Ýürekden çykýan sözler

12 — 13-nji maýda ak şäherimiz Aşgabatda möhüm syýasy waka Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçiriler. Düýn 11-nji maýda paýtagtymyzda bu halkara syýasy çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar asylly myhmansöýerlik däplerimize laýyklykda mähirli garşylandy we möhüm duşuşyklar geçirildi. Gözel paýtagtymyza halkara derejeli forumlara gatnaşmaga paýtagtymyza gelen myhmanlar ak şäherimiz Aşgabadyň täsin gözellikleri bilen hem ýakyndan tanyşdylar. Agşamlyk, myhmanlar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda bolup, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Ömür daragty» atly sahna eserine tomaşa etdiler. Biz hem, halkara forumyna gatnaşýan myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk: Rahmon Dilşod Safarbek,Täjigistan Respublikasynyň Milli mejlisiniň Oli Mejlisiniň Adamyň we raýatyň konstitusion esaslaryny, hukuk ýagdaýyny, hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek baradaky komitetiniň başlygy:

Merkezi Aziýa we Russiýa: Gender deňligi dabaralanýar

Türkmenistan häzirki wagtda zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagynyň taglymyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Gender syýasatyny işjeň ýöredýär. Şu ýylyň 12 — 13-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle hem şu forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçiriler. Dialogyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Russiýa döwleti tarapyndan Gender deňligini üpjün etmek boýunça gazanylan üstünlikleri seljermekden, sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň syýasy işlere gatnaşygyny, şeýle-de parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlygyny berkitmekden, hususan-da, durmuş ulgamynda ylmy-bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti we sungaty ösdürmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, şol sanda mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen, 2021 — 2025-nji ýyllarda Gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasy tassyklanyldy hem-de meýilnamanyň çäklerinde türkmen zenany diňe bir döwletli ojagyň eýesi, mähriban uýa, eziz ene bolman, eýsem, jogapkärli döwlet işgäri hökmünde Watanymyzyň kuwwatyna hem öz saldamly goşandyny goşýar. Şu meýilnamanyň çäklerinde Gender deňligini öňe sürmek boýunça çäreler meýilnamalaýyn esa

Halkara forumlara gatnaşýan myhmanlar Baş drama teatryna bardylar

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, medeniýet halkyň kalbydyr. Halklary bir supra jem edýän, ysnyşdyrýan medeniýetleriň bitewüligidir. Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogyna gatnaşýan wekiliýet agzalarynyň 11-nji maýda — günüň ikinji ýarymynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň çuň milliligi hem-de ägirt uly türkmen medeniýetini özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky derek hakyndaky täsin rowaýata esaslanýan «Ömür daragty» atly sahna eserine tomaşa etmekleri guraldy.

Paýtagtymyz myhmanlara gujagyny giňden açdy

Şu gün — 11-nji maýda paýtagtymyzyň Halkara howa menzili toý şatlygyna beslendi. Meýdança yzly-yzyna gonýan daşary döwletleriň uçarlary ýurdumyza abraýly myhmanlaryň ýene-de ençemesini getirdi.

Owadan bezegler — ak ýollaryň ýaraşygy

Iri möhüm wakalaryň şaýady bolýan Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogyna gatnaşyjylary ýokary derejede garşylamak üçin taýýarlyk görüldi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň köçeleriniň görnükli ýerlerinde ýerleşdirilen ýazgylar we şygarlar, ägirt uly monitorlardaky mahabat şekilleri diňe bir myhmanlaryň däl, ildeşlerimiziň hem ünsüni dessine özüne çekýär.

Köptaraply türkmen-azerbaýjan aragatnaşyklaryny ösdürip

Aşgabat, 10-njy maý. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi. Söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda kuwwatly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Parlament diplomatiýasyny we zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek

Aşgabatda geçiriljek iri forumlaryň esasy maksadydyr Soňky ýyllarda halkara gatnaşyklara we daşary syýasat bilen bagly meselelere işjeň gatnaşmagy bilen, dünýäde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Şoňa görä-de, döwletleriň alyp barýan umumy işinde parlament diplomatiýasyna möhüm ähmiýet berilýär. Diplomatiýanyň bu görnüşiniň esasy maksady ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi goldamaga, halk üçin has gowy wekilçiligi amala aşyrmaga, hökümetara institutlaryň demokratik esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. 12-13-nji maýda paýtagtymyzda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy hem hut şu ugurlarda toplanan tejribäni paýlaşmak, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynda parlamentara gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda özboluşly pikir alyşma meýdançasyna öwrüler.

Dialog — parahatçylygyň kepili

Ata Watanymyz dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilip, bu ýerde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik ýörelgeleri dabaralanýar. Munuň şeýledigini ak şäherimiz Aşgabatda 12-13-nji maýda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde sebitiň taryhynda ilkinji gezek geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy doly ykrar edýär. Döwlet häkimiýetiniň kanunçykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk; Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak — öňe gitmegiň ynamly ýoly; Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy diýen üç ugur bilen öz işini dowam etdirjek forum sebitde hyzmatdaşlygy goldamaga, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy, ykdysady we durmuş çygrynda parlamentara dialogynyň ornuna aýratyn ähmiýet bermäge, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde parlamentarilere giň mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilýär.

Parlament diplomatiýasy rowaçlanýar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz has-da rowaçlanýar. Eziz Diýarymyz halkara forumlaryň, duşuşyklaryň geçirilýän ýurdy hökmünde dünýäde uly abraýa eýedir. Şu ýylyň 12 — 13-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçiriler. Munuň özi halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer.

Türkmenistanyň Parlament diplomatiýasy: ählumumy abadançylyk we ösüş medeniýeti

Mälim bolşy ýaly, 12-13-nji maýda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçiriler. Bu möhüm ähmiýetli çärelere Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriň köp sanlysynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk

 «7/24.tm», № 19 (102), 09.05.2022.   Şu ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar işleri baradaky agentliginiň hem-de Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideo-aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýaşlar syýasatyna berilýän üns barada bellediler.

Türkmenistan — Pakistan: sebit abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Bitaraplygy hakynda, onuň dünýä içre ykrar edilmeginiň taryhy hakynda gürrüň gozgalanda, Pakistanyň ady-da hökman agzalýar. 1995-nji ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilen sammiti türkmen diplomatiýasynyň ýeňişli menzili hökmünde taryha ýazyldy. Şol duşuşykda Türkmenistan hemişelik Bitarap döwletiň borçlaryny konstitusion esasda öz üstüne alýandygy hakynda Beýannama bilen çykyş etdi we ol sebitiň ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanyldy... Şu gün — 9-njy maýda bolsa türkmen Bitaraplygynyň sebit derejesinde ilkinji gezek ykrar tapan ýurdy bilen ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan AHMED türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynda gazanylan üstünlikler barada, ine, şeýle gürrüň berdi:

Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar işleri baradaky agentliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky barha ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýaşlar syýasatyna berilýän üns barada bellediler. Ýaşlar syýasaty ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi. Şunlukda, taraplar şu ýylyň 18—21-nji maýy aralygynda Özbegistan Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýaşlar forumynyň işini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu forumyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýaşlar syýasaty ugruny ösdürmekde täze sepgit boljakdygy barada duşuşyga gatnaşyjylar bellediler. Mundan başga-da, taraplar maslahatyň barşynda ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, iki dostlukly ýurduň arasynda geçirilýän festiwallara, sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara, simpoziumlara, seminarlara ýaşlaryň gatnaşygyny ösdürmegiň zerurlygy barada hem durup geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 4-nji maý. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady.

«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

Aşgabat, 4-nji maý. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen geçiren duşuşygynda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler häzirki zaman şertlerinde parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup hyzmat edýändigini bellediler. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen dostlukly we netijeli gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk täze ugurlary öz içine almak bilen, barha giňeldilýär hem-de pugtalandyrylýar.

Polat ýollaryň taryhyndan

Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly ulag üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Ýurdumyz dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda wajyp ýollary hem-de merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýär. Geliň, şu ýerde ýurdumyzda gurlan ilkinji demir ýol barada söhbet edeliň! Türkmenistanyň çäginde ilkinji gurlan demir ýol häzirki Türkmenbaşy şäherinden başlanyp, Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlaryny kesip geçýär. Häzirki döwürde bu demir ýoluň günbatar tarapdaky başlanýan ýeri Türkmenbaşy şäheri bolup durýar. Emma XIX asyryň ahyrynda, ýagny demir ýoluň gurluşygy başlananda onuň ilkinji relsleri Türkmenbaşy şäherinden 190 kilometrden gowrak günorta-gündogarda, häzir gurap giden Mihaýlowsk aýlagynyň gündogar kenaryndaky adybir berkitmeden başlanýar.