Merkezi Aziýa we Russiýa: Gender deňligi dabaralanýar

11 Maý 2022
742

Türkmenistan häzirki wagtda zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagynyň taglymyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Gender syýasatyny işjeň ýöredýär. Şu ýylyň 12 — 13-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle hem şu forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçiriler. Dialogyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Russiýa döwleti tarapyndan Gender deňligini üpjün etmek boýunça gazanylan üstünlikleri seljermekden, sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň syýasy işlere gatnaşygyny, şeýle-de parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlygyny berkitmekden, hususan-da, durmuş ulgamynda ylmy-bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti we sungaty ösdürmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, şol sanda mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen, 2021 — 2025-nji ýyllarda Gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasy tassyklanyldy hem-de meýilnamanyň çäklerinde türkmen zenany diňe bir döwletli ojagyň eýesi, mähriban uýa, eziz ene bolman, eýsem, jogapkärli döwlet işgäri hökmünde Watanymyzyň kuwwatyna hem öz saldamly goşandyny goşýar. Şu meýilnamanyň çäklerinde Gender deňligini öňe sürmek boýunça çäreler meýilnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde, «Adalatçy hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda», «Bilim hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda berkidilýär.

Bähbit PIGAMOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleleri baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar