Aşgabatdaky wakalar dünýäniň ünsünde

11 Maý 2022
628

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Watanymyzda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan eýýamy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň okgunly dowamy ähli halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bolsa şol rowaçly gadamlaryň badalga alýan merkezi bolup durýar. Muny biz merjen şäherimiziň dür dänesini ýadyňa salýan kämil keşbinde, onda geçirilýän işjeň syýasy we medeni wakalaryň giň toplumynda hem aýdyň görýäris. Mälim bolşy ýaly, özüniň binagärlik aýratynlygy bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan ençeme gezek mynasyp orun alan paýtagtymyz dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly, öňdebaryjy şäherleriniň biri bolmak bilen birlikde, sebitde ylalaşdyryjy merkez, halkara derejeli syýasy, ykdysady we medeni duşuşyklaryň, möhüm ähmiýetli dabaralaryň geçirilýän ýeri hökmünde hem meşhurdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen köptaraplaýyn işjeň gatnaşyklary ýola goýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Ine, şu gün hem Watanymyzyň ýüregi, dünýäniň parahatlyk, dost-doganlyk merkezi bolan Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy, şeýle hem zenanlaryň dialogy öz işine başlaýar. Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň çäginde sebitde ilkinji gezek geçirilýän bu möhüm ähmiýetli syýasy forumlar ýurdumyzyň goňşy halklar bilen birek-birege hormat goýmak, dostluk, doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli häsiýete eýe bolan gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Düýn bu foruma we onuň çäklerinde geçirilýän zenanlar dialogyna gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri Aşgabat şäherine geldiler. Geleni gyzgyn mähir, uly hormat bilen garşy alýan paýtagtymyz özüniň gül goýnuna myhman bolýan her bir adama ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri bagyşlaýar.

Akjagül SAPAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alym kätibi.
Beýleki habarlar