Köptaraply türkmen-azerbaýjan aragatnaşyklaryny ösdürip

11 Maý 2022
1149

Aşgabat, 10-njy maý. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda kuwwatly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar