Ilçi işe başlady

11 Maý 2022
724

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýty kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň mähirli salamyny ýetirdi we iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara almak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Taraplar dünýä giňişliginde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Beýleki habarlar