«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

5 Maý 2022
1018

Aşgabat, 4-nji maý. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen geçiren duşuşygynda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler häzirki zaman şertlerinde parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup hyzmat edýändigini bellediler. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen dostlukly we netijeli gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk täze ugurlary öz içine almak bilen, barha giňeldilýär hem-de pugtalandyrylýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar