Polat ýollaryň taryhyndan

2 Maý 2022
825

Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly ulag üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Ýurdumyz dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda wajyp ýollary hem-de merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýär. Geliň, şu ýerde ýurdumyzda gurlan ilkinji demir ýol barada söhbet edeliň!

Türkmenistanyň çäginde ilkinji gurlan demir ýol häzirki Türkmenbaşy şäherinden başlanyp, Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlaryny kesip geçýär. Häzirki döwürde bu demir ýoluň günbatar tarapdaky başlanýan ýeri Türkmenbaşy şäheri bolup durýar. Emma XIX asyryň ahyrynda, ýagny demir ýoluň gurluşygy başlananda onuň ilkinji relsleri Türkmenbaşy şäherinden 190 kilometrden gowrak günorta-gündogarda, häzir gurap giden Mihaýlowsk aýlagynyň gündogar kenaryndaky adybir berkitmeden başlanýar.

Şamuhammet AKMYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar