"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar parlamentara forumy ýaş parlamentarileri özara gyzyklanma bildirýän köp meseleler boýunça bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga işjeň çekýär

9-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde «Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş» atly şygar astynda geçdi. Bu çäre iki şanly senä — GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna hem-de onuň çäklerindäki Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Forum GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň wekillerini, ýaşlar parlamentara assambleýasynyň agzalaryny, ýaşlar jemgyýetçilik düzümleriniň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Şoňa görä-de, şu gezekki forumyň gün tertibine ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri girizildi, häzirki döwrüň wehimleri hem-de ýaşlaryň jemgyýetçilik diplomatiýasynyň eýeleýän orny, GDA giňişliginde ýaşlaryň parlament düzümleriniň tejribesi, olary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin sazlaşykly, toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda işjeň we täze başlangyçlar bilen çykyş edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwletara gatnaşyklaryň dostluk binýady

Üstümizdäki ýylda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklar amala aşyrylýar. Parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşmagy, 2022-nji ýylyň 18-nji maýynda Arkadagly Serdarymyza Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Dostluk» ordeniniň gowşurylmagy, şeýle-de 2022-nji ýylyň 19-njy maýynda Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni bilen sylaglanylmagy türkmen-rus dostlukly gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýratyn buýsançly tassyknamasy boldy. Golaýda Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti hem aýratyn bellärliklidir.

Ýaşlaryň parlamentara forumy

9-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde «Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş» atly şygar astynda geçýär. Bu çäre iki şanly senä — GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna hem-de onuň çäklerindäki Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Forum GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň wekillerini, ýaşlar parlamentara assambleýasynyň agzalaryny, ýaşlar jemgyýetçilik düzümleriniň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Tretýakow galereýasyna baryp gördi

Şu gün Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň çeperçilik muzeýine — Döwlet Tretýakow galereýasyna baryp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmany bu ýerde ýerleşdirilen meşhur rus suratkeşleriniň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyryldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda saparynyň medeni maksatnamasyna aýratyn many-mazmun berdi. Ýeri gelende bellesek, Moskwanyň Döwlet Tretýakow galereýasy dünýäniň iň iri çeperçilik muzeýleriniň biridir. Ol 1851-nji ýylda moskwaly täjir Pawel Tretýakow tarapyndan esaslandyrylyp, 1893-nji ýylda resmi taýdan jemgyýetçilik üçin açylypdyr. Tretýakow galereýasy Russiýanyň milli sungatynyň esasy muzeýi bolup, ol ýurduň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny açyp görkezýär. Häzirki wagtda bu çeperçilik toplumy XIX-XX asyrlaryň sungat eserleriniň 190 müňe golaýyny özünde jemleýär.

Serdar Berdimuhamedow Näbelli esgeriň guburyna gül goýdy

Şu gün Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagynda Näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy. Näbelli esgeriň gubury ýadygärlik arhitektura toplumy bolup, ol 1967-nji ýylda käbir meşhur rus arhitektorlarynyň taslamasy esasynda bina edildi. Ýadygärlik Russiýanyň medeni mirasynyň desgasy diýen derejä eýedir.

Ýaşlar syýasaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

9-njy iýunda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my­na gat­naş­dy. Fo­rum Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de “Ýaş par­la­men­ta­ri­ler — Ar­ka­la­şy­gyň gel­je­gi­ne ga­ra­ýyş” at­ly şy­gar as­tyn­da geç­ýär. Bu çä­re iki şan­ly se­nä — GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na hem-de onuň çäk­le­rin­dä­ki Ýaş­lar par­la­men­ta­ra as­samb­le­ýa­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy. Şu ge­zek­ki fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne ýaş­la­ryň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di, hä­zir­ki döw­rüň we­him­le­ri hem-de ýaş­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň eýe­le­ýän or­ny, GDA gi­ňiş­li­gin­de ýaş­la­ryň par­la­ment dü­züm­le­ri­niň tej­ri­be­si, ola­ry ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Täze resminamalar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň şertnama binýadyny berkider

Şu gün Moskwada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm resminama — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama gol çekildi. Ozal habar berşimiz ýaly, düýn — 9-njy iýunda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Moskwada rus kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Şolaryň jemleri boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentine «Dostluk» ordeni gowşuryldy

Şu gün Moskwadaky Uly Kreml köşgünde geçirilen ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylag Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin Prezident Wladimir Putiniň Permany esasynda berlipdi. Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda geçirilen sylaglamak dabarasynda hormatly Prezidentimiz bu ýokary sylaga Türkmenistana hormatyň nyşany hökmünde garaýandygyny belläp: «Bu ýokary sylag biziň strategik hyzmatdaşlygymyzyň, halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň mizemezliginiň ýene bir aýdyň beýany bolar» diýip nygtady.

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy. Uly Kreml köşgünde açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen ikiçäk gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.  Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Hazar ugry boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, taraplaryň owgan meselesine çemeleşmeleri, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde syýasy-diplomatik dialogy ilerletmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek nobatdaky gepleşikleriň esasyny düzdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Moskwa geldi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasyna geldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda döwlet Baştutany hökmünde amala aşyrýan ilkinji resmi sapary hökmünde taryhy ähmiýete eýedir.

GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my

Aş­ga­bat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my­na gat­naş­dy. Fo­rum Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de “Ýaş par­la­men­ta­ri­ler — Ar­ka­la­şy­gyň gel­je­gi­ne ga­ra­ýyş” at­ly şy­gar as­tyn­da geç­ýär. Bu çä­re iki şan­ly se­nä — GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na hem-de onuň çäk­le­rin­dä­ki Ýaş­lar par­la­men­ta­ra as­samb­le­ýa­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy. Fo­rum GDA ýurt­la­ry­nyň par­la­ment­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni, ýaş­lar par­la­men­ta­ra as­samb­le­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­ny, ýaş­lar jem­gy­ýet­çi­lik dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­di. Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan GDA döw­let­le­ri bi­len iki­ta­rap­la­ýyn esas­da bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn esas­da hem, şol san­da par­la­ment­le­riň ug­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga üýt­gew­siz yg­rar­ly bol­mak bi­len, Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­me­gi mak­sat edin­ýär. Ýur­du­myz hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne anyk go­şant go­şup we tä­ze ma­ny-maz­mun b

Türkmen wekiliýetiniň agzalary Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler

Ertir — 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar. Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary şu gün Moskwa baryp, döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň öň ýanynda iki ýurduň resmi wekilleriniň duşuşyklarynyň geçirilmegi gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada ýakyndan pikir alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Hususan-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary nebitgaz senagaty, maliýe-bank ulgamy, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, saglygy goraýyş, gurluşyk, bilim ulgamlary boýunça netijeli gepleşikleri geçirip, rus tarapynyň wekilleri bilen anyk teklipleridir täze taslamalary durmuşa geçirmegiň ýollary babatda jikme-jik pikir alyşdylar.

Türk­me­nis­tan — Ita­li­ýa: öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ilerletmegiň ýo­lun­da

Şu gün — 9-njy iýun­da Türk­me­nis­tan bi­len Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 30 ýyl dol­ýar. 2-nji iýun­da bol­sa bu dost­luk­ly ýur­duň mil­li baý­ra­my — Res­pub­li­ka gü­ni giň­den bel­le­nil­di. Biz Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Lu­çia­no GAL­LI­NIŇ şu şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li re­dak­si­ýa­my­za ýol­lan ma­ka­la­sy­ny oky­jy­la­ry­my­za ýe­tir­ýä­ris. 2-nji iýun­da biz Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni yg­lan eden kons­ti­tu­sion sa­la sal­şy­gyň ge­çi­ril­me­gi­niň 76 ýyl­ly­gy­ny bel­le­dik. 1946-njy ýyl­da ital­ýan hal­ky de­mok­ra­ti­ýa, adam hu­kuk­la­ry­na we azat­lyk­la­ry­na esas­lan­ýan Gün­ba­tar si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň gym­mat­lyk­la­ry­ny ile­ri tut­ýan mil­le­ti dö­ret­mek üçin öz gel­je­gi­ni saý­la­dy. Mu­nuň özi Ita­li­ýa­nyň hä­zir­ki za­man ta­ry­hyn­da örän mö­hüm wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Äh­li dö­wür­ler­de-de bi­ziň ýur­du­myz dür­li howp­la­ra gar­şy gö­reş­mek­de, olar­dan baş alyp çyk­mak­da dur­nuk­ly­ly­gy­ny gör­ke­zip gel­di. Bu gün­ki gün Ita­li­ýa dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de sy­ýa­sy taý­dan hem, yk­dy­sa­dy taý­dan hem öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.

Ýyllar gelýär bir-birinden ajaýyp, joşýan köňüllere ylhamyn çaýyp...

Bu şahyrana setirleriň döreýşi-de üýtgeşik, gelşi-de üýtgeşik. Çünki, biziň göwünlerimize ganat baglaýan döwletimiz bar, döwrümiz bar, döwranymyz bar. Ýurdumyzyň parahatçylygy, halkymyzyň agzybirligi, Arkadagly zamanamyzyň ösüşleri bagtyýar ýaşaýşyň özenidir. Arassa asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde, bagtyýarlygyň lezzetini duýup ýaşaýan halkymyzyň gursagy eziz Watan diýip urýar. Çünki, Watan bize ýaşamagy, söýmegi öwredýän mukaddeslikdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk içre joşýan, beýik ösüşlere beslenýän döwrümizde il-günümiziň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, asuda asmanymyzyň, çar ýany gözellik bilen gurşalýan bagy-bossanlygymyzyň waspy dillerde dessan bolup, bütin dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ösüşini, hormatly Prezidentimiziň täze-täze başlangyçlaryny, döwletli işlerini diňe bir şahyr ýa-da aýdymçy däl, eýsem, islendik türkmenistanly taryplap biler. Ýyllary bir-birinden üstünlikli gelýän gözel Diýarymyzda näçe diýseň, ösüş bar, özgeriş bar. Şeýle ajaýyp ýurtda ýaşamak, işlemek, okamak, döretmek, gurmak, gör, nähili bagt.

Marynyň “Ýeňiş” tikin fabrigi

Marynyň “Ýeňiş” tikin fabriginiň zähmetsöýer adamlary ilhalar önümleri öndürmekde gowy görkezijileri gazanýarlar. Fabrigiň önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylyp, taýýarlanylýan önümleriň hiliniň ýokary bolup, görnüşleri artdyrylýar. Kärhananyň ýokary hilli önümlerine isleg bolsa, diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, daşary bazarlarda hem ýylsaýyn artýar. Şu günler fabrigiň tikinçileri Halkyň Arkadagly zamanasy ýylyny üstünliklere beslemäge çalyşýarlar. SURATLARDA: önümçilikden pursatlar.

Ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dy­ryp

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da ze­nan­lar jem­gy­ýe­ti pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm güý­je öw­rül­di. Türk­men ze­nan­la­ry öý-oja­gyň eýe­si, mäh­ri­ban ene hök­mün­de ke­mal­ly, il­ha­lar, zäh­met­sö­ýer per­zent­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­la­ryn­da, şeý­le-de dost­luk­ly döw­let­ler bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar­da ýo­ka­ry iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler. Bu ha­ky­kat şu ýy­lyň maý aýyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol­da­wy bi­len paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gyn­da hem has aý­dyň­ly­gy bi­len ýü­ze çyk­dy. Hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze gör­nü­şi bo­lan ze­nan­la­ryň dia­lo­gy do­gan­lyk döw­let­le­riň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek­de, gen­der sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy di­ňe bir oňa gat­naş­ýan ýurt­la­ryň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge däl, eý­sem, tu­tuş­ly­gy­na bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga tä­ze­den iter­gi ber­di. As­lyn­da, gen­der deň­li­gi­ni üp­jün e

Ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär

Öň­ňin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry, BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň baş­ly­gy ha­nym Ami­na Mo­ham­me­di ka­bul et­di. Myh­man wagt ta­pyp du­şu­şan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di hem-de di­ňe bir Ýer ýü­zü­niň dep­gin­li ös­ýän döw­let­le­ri­niň bi­ri bol­man, eý­sem, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy ha­sap­lan­ýan Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da bo­lup gör­mek müm­kin­çi­li­gi­ne örän şat­dy­gy­ny bel­le­di.

Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­nyň dün­ýä­dä­ki şöh­ra­ty has-da be­len­de gal­ýar

Da­şo­guz, 4-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­tin­de “Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da” at­ly yl­my du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, şeý­le-de san­ly ul­gam ar­ka­ly da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­ler gat­naş­dy­lar. Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni aýap sak­la­ma­gyň, go­ra­ma­gyň, öw­ren­me­giň hem-de ola­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­me­giň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu ugur­da top­lum­la­ýyn iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ne, şol san­da türk­men hal­ky­nyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne go­şan go­şan­dy­nyň wa­gyz edil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry ta­mam­lan­dy

Jid­da — Me­di­ne — Aş­ga­bat, 2-nji iýun. Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Me­di­ne şä­he­ri­ne bar­dy. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, düýn döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mu­kad­des Mek­ge şä­he­ri­ne — Mu­ham­met py­gam­be­riň Wa­ta­ny­na um­ra ha­jy­na bar­ýan äh­li zy­ýa­rat­çy­la­ryň ber­jaý et­me­li des­sur­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di. Şu ýer­de ýe­ne-de bir mö­hüm wa­ka­ny bel­läp geç­mek ýer­lik­li bo­lar. Iýun aýy­nyň 1-in­den 2-si­ne ge­çil­ýän gi­je­de, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň zy­ýa­ra­ty wag­tyn­da mu­kad­des Kä­bä­niň — Al­la­ta­ga­la­nyň öýü­niň ke­ra­mat­ly ör­tü­gi ser­pi­lip, mü­bä­rek ga­py­la­ry açyl­dy we onuň için­de na­maz oka­mak üçin örän seý­rek müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa mu­kad­des Kä­be­den ke­ra­mat­ly ny­şan ha­sap­lan­ýan te­per­rik gow­şu­ryl­dy.

Arkadagymyzyň iş saparlary, duşuşyklary

19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII Halkara ykdysady sammitine gatnaşdy hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Forumyň çäklerinde «Kazan EKSPO» Halkara sergi merkezinde giň gerimli sergi guraldy. Elektrik çekiş güýjünde işleýän döwrebap awtobuslaryň nusgalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ünsüni çekdi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen nusgalar bilen tanşyp, ýurdumyz üçin ekologiýa taýdan şeýle arassa awtobuslary satyn almaga gyzyklanma bildirdi. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşygy boldy. Şeýle hem duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew hem-de Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hakyky dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma