Ýyllar gelýär bir-birinden ajaýyp, joşýan köňüllere ylhamyn çaýyp...

8 Iýun 2022
679

Bu şahyrana setirleriň döreýşi-de üýtgeşik, gelşi-de üýtgeşik. Çünki, biziň göwünlerimize ganat baglaýan döwletimiz bar, döwrümiz bar, döwranymyz bar. Ýurdumyzyň parahatçylygy, halkymyzyň agzybirligi, Arkadagly zamanamyzyň ösüşleri bagtyýar ýaşaýşyň özenidir. Arassa asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde, bagtyýarlygyň lezzetini duýup ýaşaýan halkymyzyň gursagy eziz Watan diýip urýar. Çünki, Watan bize ýaşamagy, söýmegi öwredýän mukaddeslikdir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk içre joşýan, beýik ösüşlere beslenýän döwrümizde il-günümiziň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, asuda asmanymyzyň, çar ýany gözellik bilen gurşalýan bagy-bossanlygymyzyň waspy dillerde dessan bolup, bütin dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ösüşini, hormatly Prezidentimiziň täze-täze başlangyçlaryny, döwletli işlerini diňe bir şahyr ýa-da aýdymçy däl, eýsem, islendik türkmenistanly taryplap biler. Ýyllary bir-birinden üstünlikli gelýän gözel Diýarymyzda näçe diýseň, ösüş bar, özgeriş bar. Şeýle ajaýyp ýurtda ýaşamak, işlemek, okamak, döretmek, gurmak, gör, nähili bagt.

Beýleki habarlar