Türkmenistanyň Prezidentine «Dostluk» ordeni gowşuryldy

10 Iýun 2022
797

Şu gün Moskwadaky Uly Kreml köşgünde geçirilen ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylag Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin Prezident Wladimir Putiniň Permany esasynda berlipdi.

Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda geçirilen sylaglamak dabarasynda hormatly Prezidentimiz bu ýokary sylaga Türkmenistana hormatyň nyşany hökmünde garaýandygyny belläp: «Bu ýokary sylag biziň strategik hyzmatdaşlygymyzyň, halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň mizemezliginiň ýene bir aýdyň beýany bolar» diýip nygtady.

«Türkmenistan»
Moskwa ş.
Beýleki habarlar