Ýaşlar syýasaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

10 Iýun 2022
591

9-njy iýunda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my­na gat­naş­dy. Fo­rum Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de “Ýaş par­la­men­ta­ri­ler — Ar­ka­la­şy­gyň gel­je­gi­ne ga­ra­ýyş” at­ly şy­gar as­tyn­da geç­ýär. Bu çä­re iki şan­ly se­nä — GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na hem-de onuň çäk­le­rin­dä­ki Ýaş­lar par­la­men­ta­ra as­samb­le­ýa­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy.

Şu ge­zek­ki fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne ýaş­la­ryň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di, hä­zir­ki döw­rüň we­him­le­ri hem-de ýaş­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň eýe­le­ýän or­ny, GDA gi­ňiş­li­gin­de ýaş­la­ryň par­la­ment dü­züm­le­ri­niň tej­ri­be­si, ola­ry ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar