Arkadagymyzyň iş saparlary, duşuşyklary

3 Iýun 2022
721

19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII Halkara ykdysady sammitine gatnaşdy hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Forumyň çäklerinde «Kazan EKSPO» Halkara sergi merkezinde giň gerimli sergi guraldy. Elektrik çekiş güýjünde işleýän döwrebap awtobuslaryň nusgalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ünsüni çekdi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen nusgalar bilen tanşyp, ýurdumyz üçin ekologiýa taýdan şeýle arassa awtobuslary satyn almaga gyzyklanma bildirdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşygy boldy. Şeýle hem duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew hem-de Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hakyky dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan açyk we netijeli gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertidir.

Beýleki habarlar