Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­nyň dün­ýä­dä­ki şöh­ra­ty has-da be­len­de gal­ýar

5 Iýun 2022
703

Da­şo­guz, 4-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­tin­de “Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da” at­ly yl­my du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, şeý­le-de san­ly ul­gam ar­ka­ly da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­ler gat­naş­dy­lar.

Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni aýap sak­la­ma­gyň, go­ra­ma­gyň, öw­ren­me­giň hem-de ola­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­me­giň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu ugur­da top­lum­la­ýyn iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ne, şol san­da türk­men hal­ky­nyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne go­şan go­şan­dy­nyň wa­gyz edil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Beýleki habarlar