Türk­me­nis­tan — Ita­li­ýa: öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ilerletmegiň ýo­lun­da

9 Iýun 2022
542

Şu gün — 9-njy iýun­da Türk­me­nis­tan bi­len Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 30 ýyl dol­ýar. 2-nji iýun­da bol­sa bu dost­luk­ly ýur­duň mil­li baý­ra­my — Res­pub­li­ka gü­ni giň­den bel­le­nil­di. Biz Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Lu­çia­no GAL­LI­NIŇ şu şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li re­dak­si­ýa­my­za ýol­lan ma­ka­la­sy­ny oky­jy­la­ry­my­za ýe­tir­ýä­ris.

2-nji iýun­da biz Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni yg­lan eden kons­ti­tu­sion sa­la sal­şy­gyň ge­çi­ril­me­gi­niň 76 ýyl­ly­gy­ny bel­le­dik. 1946-njy ýyl­da ital­ýan hal­ky de­mok­ra­ti­ýa, adam hu­kuk­la­ry­na we azat­lyk­la­ry­na esas­lan­ýan Gün­ba­tar si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň gym­mat­lyk­la­ry­ny ile­ri tut­ýan mil­le­ti dö­ret­mek üçin öz gel­je­gi­ni saý­la­dy. Mu­nuň özi Ita­li­ýa­nyň hä­zir­ki za­man ta­ry­hyn­da örän mö­hüm wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Äh­li dö­wür­ler­de-de bi­ziň ýur­du­myz dür­li howp­la­ra gar­şy gö­reş­mek­de, olar­dan baş alyp çyk­mak­da dur­nuk­ly­ly­gy­ny gör­ke­zip gel­di. Bu gün­ki gün Ita­li­ýa dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de sy­ýa­sy taý­dan hem, yk­dy­sa­dy taý­dan hem öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.

Beýleki habarlar